Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada guralan dabaraly çärelere gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edilipdi.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnamanyň gol çekilmegi, ähli ugurdaky gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Onuň esasynda iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýär.
Ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş umumy taryhyň möhüm sahypalarynyň biri bolup durýar. Ol söweş meýdanlarynda egin-egne berip, mertlerçe söweşen we geljek nesilleriň parahatçylykly we bagtyýar durmuşyny goran köpsanly halklaryň umumy ýeten derejesidir we buýsanjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan bu gezekki dabaralara gatnaşmagynyň häzirki nesliň hakydalarynda baky saklanan edermen-azat edijileriň umumy edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini bellemeli.