Ýurdumyzda geljegi uly bolan Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ýaly ulag geçelgeleri işjeň ösdürilýär. Bu ulag geçelgeler Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda ygtybarly köpri bolup hyzmat etmäge niýetlenendir. Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Türkmenistan transkontinental ähmiýetli möhüm ulag-logistika başlangyçlarynyň öňe sürülýän syýasy merkezine öwrüldi. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlyklaryny, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylyň 3 – 4-nji maýynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda uly üstünliklere beslenip geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly II halkara maslahatynyň we serginiň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny çuň mazmun bilen baýlaşdyran netijeleri hem muny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran bu halkara ulag forumyna dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu halkara çäre ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň wekiliýetlerini, halkara guramalaryň, milli halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini, ulag ulgamy boýunça abraýly bilermenleri netijeli we bähbitli pikir alyşma meýdançasyna jemledi.
Bu halkara ulag forumy iki gün dowam edip, ol adaty hem-de onlaýn görnüşinde geçirildi. Forumyň çäklerinde “Ulag durnukly ykdysadyýetiniň, parahatçylygyň we durnuklylygyň faktory hökmünde-ýaşlaryň garaýşy” atly panel söhbeti, “Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” halklara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän “CASCA+ multimodal ulag ugry” taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi, “Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda daşamalary ýönekeýleşdirmek” temasy boýunça “tegelek stollar”, awtomobil ulaglary boýunça bilelikdäki türkmen – rumyn toparynyň ikinji mejlisi geçirildi we netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak maksady bilen, 100-e golaý ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Ulag – aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge goşant goşan daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesine baýraklar gowşuryldy.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň geosyýasy çäklerinde iň amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň biri hökmünde özüniň ynsanperwerlige, parahatçylyga, hoşniýetli, deňhukukly ýörelgelere esaslanýan Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň nobatdaky baýramçylygyna halkara ulgamynda uly sepgitler bilen barýar. Bu gün Türkmenistan ýer ýüzüniň ähli halklary bilen deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýan ylalaşdyryjy döwlet hökmünde tanalýar. Sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň oňyn roly häzirki zamanyň halkara gatnaşyklaryny gurnamakda özboluşly nusga bolup hyzmat etmäge mynasypdyr. Abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň äden anyk ädimleri many-mazmuny hem-de hili taýdan belent sepgitlere ýetdi.
Halkara maslahatyň işi dürli ugurlara bagyşlanan ara alyp maslahatlaşmalar arkaly dowam etdirildi, olaryň barşynda foruma gatnaşyjylar ulag geçelgeleriniň gerimini has-da giňeltmek, olaryň söwdany ösdürmekdäki ornuny pugtalandyrmak, üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlar ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we söwda işlerini alyp barmagyň düzgünlerini mundan beýläk hem ýönekeýleşdirmek meseleleriniň dürli jähtleri boýunça özara pikir alyşdylar. Hususan-da dürli ugurly pikir alyşmalaryň birinde üstaşyr gatnawlaryň hilini ýokarlandyrmakda we howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, söwda işlerini alyp barmagyň düzgünlerini has-da ýönekeýleşdirmekde döwrebap sanlylaşdyrma çäreleriniň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi, deňze çykalgasy bolmadyk we üstaşyr geçiriji döwletlerde döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak bilen bagly maslahatlar we teklipler girizildi.
Türkmenistanyň çäginde ýükleri daşamaklyk bilen meşgullanýan ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar hereket edýärler we sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrýarlar, ýöne ýyl-ýyldan ulalyp barýan ýük akymlary we üstaşyr zerurlyklary, Türkmenistanda ulag logistikasynyň çürt-kesik ösmegini talap edýär. Ulag-logistika pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi durmuş-ykdysady ösüş bilen özara sazlaşygy emele getirip, halkara hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär.
Halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary dowamat -dowam bolsun!
Maýsa Gurbansähedowa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmeni.