Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp düşürilen “Daragt” atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen filmde uruş ýyllarynda bolan wakalar beýan edilýär. Režissýor Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren filminiň görkezilişine ýurdumyzyň sungat ussatlary, kino söýüjileri, talyp ýaşlar we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Filmde baş gahrymany Näzik atly gelniň başdan geçiren durmuşy wakalary şöhlelendirilýär. Durmuşda hakyky bolan wakalaryň esasynda goýlan bu film Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň, ýigitleri yzynda ojaklaryny saklap oturan gelinleriň wepadarlygyny, tutanýerliligini, erjellegini açyp görkezýär.
Filmde ýaş gelin ömrüniň ahyryna çenli urşa giden ýanýoldaşyna beren wadasynda durup, mellegindäki erik agajynyň gurandygyna garamazdan, “Güllär! Ol hem gaýdyp geler. Ol maňa söz berdi.” – diýip umyt bilen ýanýoldaşynyň gaýdyp gelerine garaşýar. Näzik daýzanyň belent söýgüsiniň netijesinde daragtyň güllemegi bilen jemlenýän bu film kino söýüjilerde uly täsir galdyrjakdygy ikuçsyzdyr.
Filmiň ssenarisini Akmyrat Rejepow ýazypdyr. Filmde Tuwran Gurbanowa, Şemşat Kasymowa, Aýdogdy Sopyýew, Ýolaman Nurymow, Muhammetguly Kasymow hem-de Oguljahan Kulyýewa we beýlekiler surata düşdüler.
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi filmdäki uruş ýyllarynyň harby ulaglary, egin eşikleri bilen ýakyndan ýardam berdiler. Filmiň sahnalary Bäherden etrabynda, Sünçe, Nohur geňeşlikleriniň gözel ýerlerinde, şeýle-de Gökdepe etrabynda, Aşgabat şäheriniň töwereginde surata düşürildi.
Bu filmi surata düşüren goýujy režissýor Sahysalyh Baýramow mundan ozal, Beýik Watançylyk urşy barada söhbet açýan “Gyzyl kürte” filmi bilen hem köp sanly halkara festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi.