Köneürgençdäki Nejmeddin Kubranyň ýadygärligi 1145-nji ýylda doglan, sufizmiň Kubrawylar mekdebini esaslandyryjy Ahmet ibn Omar Abuljennap Nejmeddin al-Kubra, al-Hywaky, al-Gürgenji bilen baglanyşykly. Nejmeddin Kubra diňe bir dini mekdebiň ündewçisi bolman, özüniň 7-8 sany kitaby, 24-den gowrak rubagysy bolan, tebipçilige ökde, ezber küştçi we nakgaş hökmünde halk arasynda tanalan gahryman, watançy bolupdyr. Onuň terjimehalyny ýazan alymlar, şahyrlar we syýahatçylar onuň mongollar Ürgenje çozanda eli ýaragly söweşip, 1221-nji ýylyň 3-nji iýulynda şehit bolandygyny belleýärler. Nurmuhammet Andalyp bir goşgusynda: «Ol şyh Kubra etdi şahadat meýin noş» – diýmek bilen, onuň pajygaly gurban bolandygyny tassyklaýar.
Nejmeddin Kubranyň üstüne galdyrylan ýadygärlik Gutlug Timuryň Ürgenje häkim bolan wagtynda amala aşyrylypdyr. Ymarat 4 sany otagdan ybarat bolup, öň tarapy demirgazyga bakdyrylyp gurlupdyr. Bütin gadymy Ürgenjiň 20-ä golaý ýadygärliginden diňe şu ymarat we 2 minara özleriniň gurlan döwürleri hakda maglumat berýärler.
Peştagyň beýleki ýazgylary we merkezi gapynyň golaýyndaky ýazgylar hiç hili taryhy maglumat bermän, olar piriň kitaplaryndan getirilen sözlerdir. “Suls” haty bilen syrçaly daşa ýazylan hatlardan piriň filosofiýasynyň äheňi gelip dur. Peştakdaky gapydan inedördül dälize girilýär. Bu otagda ýene üç sany gapy bar.
Bu kümmede zyýarata barýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.