Ispaniýanyň çempionatynda şu tapgyrda çempion belli bolup biler. Sanawyň lideri “Barselona” ýeňiş gazanan ýagdaýynda wagtyndan öň nobatdaky çempionlygyny yglan eder. “Barselona” topary özüne çempionlyk gazandyryp biljek oýunda myhmançylykda şäherdeşi “Espanýol” bilen duşuşar. Başgaça aýdylanda, Kataloniýa derbisinde “Barselona” çempion bolup biler. Eger bu duşuşykda “Barselona” utulan ýagdaýynda-da “Atletiko Madrid” bilen “Real Madridiň” degişlilikde “Elçe” hem-de “Hetafe” duşuşyklarynda utuk ýitirmegi katalon klubunyň 27-nji “La Liga” çempionlygy üçin ýeterlik bolar. “Espanýol” – “Barselona” duşuşygy 14-nji maýda ýarygijeden soň başlar (00:00).

Şeýle-de, Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie”-de hem “Feýenoorda” çempionlyk üçin 2 utuk ýeterlik. Ýagny ýeňiş gazanan ýagdaýynda rotterdamlylar nobatdaky çempionlygyny yglan eder. “Feýenoord” öz meýdançasynda “Go Ehed Igls” bilen duşuşar. Duşuşyk 14-nji maýda 19:45-de başlar. “Feýenoord” bu duşuşykda ýeňiş gazanmadyk ýagdaýynda, PSW öz meýdançasynda “Fortunadan” ýeňilse, rotterdamlylar çempionlygyny yglan eder.

Portugaliýanyň çempionaty “Premeira Ligada” hem “Benfika” möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, “Portodan” 4 utuk öňde barýar. Şu gije “Benfika” myhmançylykda “Portimonenseni” utup, ertir “Porto” öz meýdançasynda “Kasa Piadan” utulsa, onda lissabonlylar 38-nji çempionlygyny gazanar.