Dün­ýä­de iň köp ki­tap okal­ýan il­kin­ji 10 ýur­duň ara­syn­da azi­ýa­ly­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýag­ny sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­nyň 6-sy Azi­ýa ýur­dun­dan, 4-si Ýew­ro­pa ýur­dun­dan yba­rat. Sa­naw­ adamlaryň hep­de­de oka­mak üçin sarp ed­ýän wag­ty­na gö­rä dü­zül­ýär. Gör­ke­zi­ji­ler­de çap edi­len ki­tap­lar­dan baş­ga-da, ga­zet­dir žur­nal­lar hem-de on­laýn mag­lu­mat­lar bar.
Bü­tin­dün­ýä me­de­ni gör­ke­zi­ji­le­re gö­rä, Hin­dis­tan dün­ýä­de iň köp ki­tap oka­lýan ýurt hök­mün­de sa­na­wyň ba­şy­ny baş­la­ýar. Hin­dis­tan­da her adam hep­de­de or­ta­ça 10 sa­gat 42 mi­nut oka­ýar. Sa­naw­da ikin­ji orun­da Tai­land (hep­de­de 9 sa­gat 24 mi­nut), üçün­ji bo­lup Hy­taý (hep­de­de 8 sa­gat) gel­ýär. On­dan soň­ra de­giş­li­lik­de iň köp ki­tap oka­lýan ýurt­lar hök­mün­de Fi­lip­pin­ler (7 sa­gat 36 mi­nut), Mü­sür (7 sa­gat 30 mi­nut), Çe­hi­ýa (7 sa­gat 24 mi­nut), Şwe­si­ýa (7 sa­gat 6 mi­nut), Fran­si­ýa (6 sa­gat 54 mi­nut), Weng­ri­ýa (6 sa­gat 48 mi­nut) we Sa­ud Ara­bys­ta­ny (6 sa­gat 48 mi­nut) gel­ýär.

Iň köp okal­ýan ki­tap­lar
«Glo­bal Eng­lish Edi­ting» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de oky­jy­la­ryň 66 gö­te­ri­mi çap edi­len ki­tap­la­ry oka­ma­gy ma­kul bil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da ses­li ki­tap­la­ryň meş­hur­ly­gy hem art­ýar. Dün­ýä­de iň köp okal­ýan mu­kad­des ki­tap­lar bo­lup, on­dan soň­ra ede­bi eser­ler gel­ýär. Mi­gel de Ser­wan­te­siň «Don Ki­hot» ro­ma­ny, Jo­an Rou­lin­giň «Gar­ri Pot­ter» ro­man­lar top­lu­my, Çarlz Dik­ken­siň «Iki şä­he­riň er­te­ki­si», Jon Tol­ki­niň «Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry», An­tu­an de Sent-Ekz­ýu­pe­ri­niň «Ki­çi­jik şa­za­da» hem-de Lýuis Ker­rol­lyň «Ali­sa tä­sin­lik­ler dün­ýä­sin­de» eser­le­ri dün­ýä­de iň köp okal­ýan ki­tap­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär.
1995-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň ka­ra­ry bi­len 23-nji ap­rel «Bü­tin­dün­ýä ki­tap we aw­tor­lyk hu­ku­gy gü­ni» diý­lip yg­lan edildi. Bü­tin­dün­ýä ki­tap gü­ni 100-den gow­rak ýurt­da 28 ýyl bä­ri ça­ga­lar­da ki­ta­ba bo­lan söý­gi­ni dö­ret­mek, ki­tap oka­mak ýa­ryş­la­ry­ny we ser­gi­le­ri ge­çir­mek ar­ka­ly bel­le­ni­lip ge­lin­ýär. Şeý­le hem ÝU­NES­KO her ýyl Dün­ýä­niň ki­tap paý­tag­ty­ny saý­la­ýar. Şu ýyl Ga­na­nyň paý­tag­ty Akk­ra şä­he­ri Dün­ýä­niň ki­tap paý­tag­ty diýlip yg­lan edil­di.