67-nji gezek geçirilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Şwesiýa wekilçilik edýän Loreen ýeňiji boldy. “Tattoo” atly aýdymyny ýerine ýetiren Lorin lakamy bilen tanalýan Lorin Zineb Nora Talhaui jemi 583 bal aldy. Asly marokkaly bolan Lorin 2012-nji ýylda Bakuda geçirilen ýaryşa “Euphoria” atly aýdymy bilen gatnaşyp birinji bolupdy. Şeýlelikde, Lorin irlandiýaly sazanda Jonni Logandan soňra bu bäsleşikde iki gezek ýeňiji bolan ikinji aýdymçy boldy. Şeýle hem bu bäsleşikde iki gezek ýeňiji bolan ilkinji zenan aýdymçy boldy. Bu ýeňiş bilen Şwesiýa Ýewrowideniýede 7-nji gezek baş baýraga mynasyp boldy. Ýurt 1954-nji ýylda Abba topary “Waterloo” aýdymy bilen ýeňiji bolupdy. Şeýlelikde, geljek ýyl Şwesiýada Abba-nyň ýeňşiniň 50 ýyllygynda bu baýramçylyk ýene bir gezek geçiriler.
Geçen ýylky ýaryşda Ukrainanyň Kaluş Orkestra topary ýeňiji bolupdy. Däp boýunça bäsleşigiň nobatdaky tapgyry ýeňiji bolan ýurtda geçirilýär. Emma Ukrainada dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli bu bäsleşik geçen ýyl ikinji orny alan Angliýanyň Liwerpul şäherinde geçirildi.
Finlýandiýa wekilçilik edýän Kýaariýa “Cha Cha Cha” atly aýdymy bilen 526 bal bilen ikinji boldy.
Ysraýylyň adyndan çykyş eden Noa Kireliň “Unicorn” atly aýdymy bilen üçünji boldy.
Italiýa dördünji, Norwegiýa bäşinji boldy.