Durmuşy mazmunda beýan edilen bu nakylda, adama iň esasy gerek bolan zat – zähmet terbiýesi hakynda söz açylýar. Zähmet adamy taplaýan, kynçylyklary ýeňip geçmekde kömek edýän tebigy endikdir. Nakylyň birinji böleginde ýaz paslynyň gelmegi bilen ekin-dikin işleriniň başlaýandygy, şeýle hem howanyň gyzmagy bilen zähmet çekmegiň kynçylyklarynyň bardygy beýan edilýär. Bu ýerde «kölege» sözüniň manysynda zähmet çekmezlik, adama rahatlyk berýän salkyn ýer göz öňünde tutulýar. Nakylyň ikinji bölegi birinji böleginiň jogaby bolup, ýaz paslynda wagtyňy zähmet çekmän geçirmegiň gyş paslynda hiç zatsyz goýjakdygy aýdylýar. Zähmet çekip, janyna döz gelenleriň gyş paslynda çuwalynyň doly boljakdygy, zähmetiniň hözirini görjekdigi beýan edilýär.
Nakylyň umumy manysyny jemlänimizde ähli eşretleriň, bolelinligiň zähmet çekmek esasynda gazanylýandygy ündelýär. Nakyla ugurdaş äheňde şu pähimleri mysal getirmek bolar:
Zähmet soňy – rehnet.
Çekseň zähmet, ýagar rehnet.
Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz.
Zähmetiň nany süýji, ýaltanyň – jany.