Awokado awokado agajynyň ýagly miwesi bolup, tropik sebitlerde we Ortaýer deňziniň kenarlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Awokado hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, lawrlar maşgalasyna degişlidir. Ata Watany Merkezi Amerika hasaplanýan bu agaç Gün şöhlesiniň köp düşýän ýerinde, ýagny yssy howada ösýär. Şol sebäpli awokadony şemally, aýazly sebitlerde ösdürip ýetişdirmek kyn.
Awokadonyň iň köp ýetişdirilýän ýurdy we awokado önümçiliginiň ösen ýeri Meksika hasaplanýar. Ondan soňra awokado öndürmekde Dominikan Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Çiliniň, Kolumbiýanyň we Peru döwletleriniň ady agzalýar. Bu ýurtlar güneşe baý yssy ýurtlar hasaplanýar.
Awokado nahaly 1 metr çuňlukda ýumşak topraga oturdylýar. Edil beýleki agaçlar ýaly awokado hem 3 ýyldan soň hasyl berýär. Bu agajyň armyda meňzeş miwesiniň agramy 2 kilograma çenli ýetýär. Goýy ýaşyl gabykly awokadonyň içi sarymtyl etli bolup, ýekeje togalak çigidi bolýar. Sitrus agaçlary ýaly awokadony otag şertlerinde ösdürip ýetişdirip bolmaýar. Bu agaç güneşi halaýandygy üçin meýdanda, açyk howada ösdürilip ýetişdirilýär. Boýy 20 metre çenli ýetýän awokadonyň ýaşylymtyl-sary gülleri we ýumurtga şekilli ýapraklary bolýar.
Awokado dünýäde iň gymmat miweleriň biri hasaplanýar. Düzüminde 25-35%-e
golaý ýag saklanýan bu miwe bişmänkä ýolunýar hem-de sebetlere ýerleşdirilýär. Bişmedik awokado miwesi otag temperaturasynda saklanýar. Awokadodan dürli tagamlar, işdäaçarlar taýýarlanýar.
Awokado A, B, C, E witaminlere baý bolup, natriý, fosfor, demir, kalsiý ýaly elementleri özünde saklaýar. Bu miwe ýokary gan basyşy, artykmaç agram, şekeriň ýokary konsentrasiýasy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, bu miwäni yzygiderli iýmeklik gan damarlarynda tromblaryň ýüze çykmak howpuny azaltmaga, ýürek-damar bilen bagly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Awokadonyň düzümindäki lýutein we zeaksantin birleşmeleri gözüň göreji, nerw bozulmalary üçin örän peýdalydyr.