Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi we türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň özü­niň we­kil­çi­lik ed­ýän iri dü­zü­mi­niň Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Ha­nym Gol­da El-Hu­ri ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň ab­raý­ly sa­na­wy­nyň üs­tü­niň «Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty», «Ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri» hem-de «Mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi» ýa­ly mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň gör­nüş­le­ri bi­len ýe­ti­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze de­giş­li gü­wä­na­ma­la­ry gow­şur­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, bu sa­pa­ryň ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­na we iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädi­me öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň esa­sy dü­züm­le­ri, hu­su­san-da, bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy – ÝU­NES­KO bi­len gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li gü­wä­na­ma­la­ry gow­şu­ran­dy­gy üçin ÝU­NES­KO-nyň Täh­ran­da­ky klas­ter eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, mu­nuň baý me­de­ni mi­ra­sy aýaw­ly sak­lap, ony ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne goş­ýan ägirt uly go­şan­dy­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dy­gy­ny bel­le­di.
Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri go­rap sak­la­mak ug­run­da ýur­du­my­zyň giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­de ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­na, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­da, ta­ry­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­mak­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ägirt uly tej­ri­be­si­niň top­la­nan­dy­gy­na üns çe­kil­di.
Biz ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýä­ris. ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry bu ugur­da ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­ly bi­ler­men­ler bi­len bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de bar bo­lan «Ga­dy­my Merw» we «Kö­ne­ür­genç» döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­la­ry, Kö­ne we Tä­ze Nu­saý ga­la­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, Now­ruz baý­ra­my­nyň, «Küşt­dep­di» aý­dym we tans des­su­ry­nyň, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Aş­ga­ba­dy ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na goş­mak, şeý­le hem gel­jek­de hal­ky­my­zyň sun­ga­ty­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni we öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
«UNIT­WIN» hal­ka­ra mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Di­ýa­ry­my­zyň bir­nä­çe umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­ni ÝU­NES­KO-nyň as­so­sir­le­nen mek­dep­le­ri­niň to­ru­na gi­riz­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp bar­lan­dy­gy, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň iki­sin­de bol­sa ÝU­NES­KO klub­la­ry­nyň açy­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow we ÝU­NES­KO-nyň Täh­ran­da­ky klas­ter eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry Gol­da El-Hu­ri bi­rek-bi­re­ge hoş­ni­ýet­li söz­le­ri aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň BMG we onuň dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne, me­de­ni hyz­mat­daş­lyk, pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ar­ka­ly, halk­la­ryň ara­syn­da­ky yna­nyş­ma­gyň we öza­ra dü­şü­niş­me­giň ber­ki­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.