Günorta Afrikanyň Keýptaun şäheri uzyn kenarlary, dag gerişleri, muzeýleri, tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen syýahatçylary haýran galdyrýar. Hindi we Atlantik ummanlarynyň aralygynda ýerleşýän Keýptaun Günorta Afrikanyň ilkinji şäherleriniň biridir. Afrika yklymynyň iň günorta burnunda (Umyt burny) ýerleşýän bu şäher Ýohannesburgdan soň ýurduň iň köp ilatly şäheri hasaplanýar. 2 müň 461 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Keýptaun şäheriniň 4 million 710 müň ilaty bar.
Şäheriň meşhur ýerleri:
«Stol» dagy. Şäheriň nyşany bolan bu dagyň beýikligi 1600 metr bolup, üstüniň tekizligi bilen tapawutlanýar. 4-5 sagat pyýada ýöräp, dagyň depesine çykyp, şäheri synlap bolýar. «Stol» dagy 1857-nji ýylda milli ýadygärlik hökmünde yglan edilýär. 1998-nji ýylda «Stol» dagynyň milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilýär. Seýrek duş gelýän ösümlikleriň mekany bolan bu seýilgähde
1 müň 470 dürli gül, jemi 2 müň 200 töweregi ösümlik ösýär. «Stol» dagy ýerli ilatyň dilinde «deňiz dagy» diýmegi aňladýar. Ýerli syýahatçylykda öňdäki orunlary eýeleýän bu seýilgäh Afrika yklymynyň iň günorta nokady bolan «Gowy umyt» kölüni hem öz içine alýar.
«Bo-Kaap» muzeýi. Malaý medeniýetiniň taryhy bilen tanyşdyrýan bu muzeýiň reňk sazlaşygy görenleri haýran galdyrýar. Diwarlary ýaşyl, sary, açyk gülgün, gyrmyzy reňkde bezelen «Bo-Kaap» muzeýinde XVIII asyra degişli Gündogar medeniýetiniň galyndylaryny, ak-gara suratlary, egin-eşik nusgalaryny we agaç oturgyçly otaglary görmek bolýar.
«Kirstenbosch» milli botanika bagy. Şäherden 13 kilometr uzaklykda «Stol» dagynyň gündogar eteginde ýerleşýän milli botanika bagy ýaşyl meýdanlary we owadan gülleri bilen köpleri özüne çekýär. Liesbeek derýasy bilen suwarylýan «Kirstenbosch» milli botanika bagy dag eňňitlerinden başlap, aşaky tokaýlyklara çenli uzalyp gidýär. 9 sany botanika bagyny özüne jemleýän milli botanika bagynda myhmanlar üçin otaglar, söwda nokatlary we kofe dükanlary bar.
Bulardan başga-da, Keýptaun şäherindäki Robben adasy, Günorta Afrikanyň milli galereýasy, kompan baglary, Umyt galasy, Uly ýöriş meýdançasy, «Alty etrap» muzeýi we Apanapon (iki umman) akwariumy syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar.