Kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ser­gi­si ge­çi­ril­di

99

ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky Long-Biç şä­he­rin­de kos­mos se­na­ga­ty­na ba­gyş­la­nan ser­gi ge­çi­ril­di. Ser­gi­de kos­mos pu­da­gy­na de­giş­li soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­lar we ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry gör­ke­zil­di. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň iri ser­gi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan göz­den ge­çi­ri­li­şde 250-den gow­rak kom­pa­ni­ýa öz ha­ryt­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­di. Bu ýe­re ge­len myh­man­lar kos­mos gä­mi­le­ri, eme­li hem­ra­lar we gö­te­ri­ji ra­ke­ta­lar bi­len bir ha­tar­da kos­mos­da ula­nyl­ýan dür­li gu­ral­la­ry, egin-eşik­le­ri we beý­le­ki­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Ser­gi­niň çä­gin­de dür­li ma­te­ri­al­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­ly­şy­ny, Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da­ky mis­si­ýa­lar üçin ni­ýet­le­nen ro­bot­la­ry we an­ten­na­la­ry gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Mer­ke­zi eda­ra­sy Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «STMicroe­lectro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy kos­mos şert­le­rin­de ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen ha­ryt­la­ry­ny gör­kez­ýär. Kom­pa­ni­ýa elekt­rou­lag­lar we uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan açar­lar, za­wod­lar­da otur­dyl­ýan äpet ma­şyn­lar, mag­lu­mat mer­kez­le­ri, kir ýu­wu­jy ma­şyn­lar, smart­fon­lar we beý­le­ki en­jam­lar üçin mik­ro­çip­le­ri ön­dür­ýär.

Bahar Atdaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.