He­mi­şe ýa­gyş ýag­ýan kö­çe

200

Go­laý­da ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­da dün­ýä­niň iň go­wy şä­he­ri ha­sap­la­nan Du­baý şä­he­rin­de he­mi­şe ýa­gyş ýag­ýan kö­çe gur­lar. Şä­he­riň ke­na­ryn­dan iki ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky eme­li ada­la­ryň bi­rin­dä­ki kö­çe­de eme­li usul­da he­mi­şe ýa­gyş ýag­dy­ry­lar. Bu tas­la­ma ba­ra­da il­kin­ji ge­zek 2020-nji ýyl­da ha­bar ber­lip­di. Kö­çä­niň ýo­kar­sy dür­li reňk­li sa­ýa­wan­lar bi­len be­ze­ler. Hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän kö­çe­den ge­çen­ler ýag­şyň eme­li usul­da ýag­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny aň­maz. Hü­när­men­ler eme­li ýag­daý­da ga­ryň hem ýag­dy­ry­lyp bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Uzyn­ly­gy 1 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan kö­çe­de ýag­şyň as­tyn­da­ky ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 27 de­re­je­de sak­la­nar. Tomus paslynda şä­her­de ho­wa­nyň köp­lenç 40 de­re­je­den ýo­ka­ry bol­ýan­dy­gy göz öňün­de tu­tu­lan­da, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň sal­kyn­la­mak üçin bu ýe­re gel­jek­di­gi ikuç­suz­dyr.
Bu şä­her­de 2021-nji ýyl­da ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň 50 de­re­jä ýet­me­gi bi­len eme­li ýa­gyş hem ýag­dy­ry­lyp­dy. Ýa­gyş dron­la­ryň bu­lut­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýag­dy­ry­lyp­dy. Bu usul­da bu­lut­lar­da­ky suw zer­re­jik­le­ri­niň bir­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de dy­kyz­laş­ma­gy­na we ýa­gyş bo­lup ýag­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky şä­he­re ýyl­da or­ta­ça 78 mil­li­met­re go­laý ýa­gyn düş­ýär. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri dün­ýä­niň iň gu­rak 10 ýur­du­nyň biridir.

Tir­kiş­my­rat PAŞ­ŞY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.