Golaýda jahankeşdeleriň arasynda geçirilen pikir soraşmada dünýäniň iň gowy şäheri hasaplanan Dubaý şäherinde hemişe ýagyş ýagýan köçe gurlar. Şäheriň kenaryndan iki kilometr uzaklykdaky emeli adalaryň birindäki köçede emeli usulda hemişe ýagyş ýagdyrylar. Bu taslama barada ilkinji gezek 2020-nji ýylda habar berlipdi. Köçäniň ýokarsy dürli reňkli saýawanlar bilen bezeler. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän köçeden geçenler ýagşyň emeli usulda ýagdyrylýandygyny aňmaz. Hünärmenler emeli ýagdaýda garyň hem ýagdyrylyp bilinjekdigini belleýärler. Uzynlygy 1 kilometre barabar bolan köçede ýagşyň astyndaky howanyň temperaturasy 27 derejede saklanar. Tomus paslynda şäherde howanyň köplenç 40 derejeden ýokary bolýandygy göz öňünde tutulanda, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň salkynlamak üçin bu ýere geljekdigi ikuçsuzdyr.
Bu şäherde 2021-nji ýylda howanyň temperaturasynyň 50 derejä ýetmegi bilen emeli ýagyş hem ýagdyrylypdy. Ýagyş dronlaryň bulutlara elektrik energiýa bermegi netijesinde ýagdyrylypdy. Bu usulda bulutlardaky suw zerrejikleriniň birleşmegi netijesinde dykyzlaşmagyna we ýagyş bolup ýagmagyna sebäp bolýar. Deňiz kenaryndaky şähere ýylda ortaça 78 millimetre golaý ýagyn düşýär. Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň iň gurak 10 ýurdunyň biridir.
Tirkişmyrat PAŞŞYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









