Pekinde 18-19-njy maýda guralan “Hytaý- Merkezi Aziýa” sammiti tamamlandy. Hytaý sebitiň ýurtlary bilen nebit-gaz söwdasyny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada “euronews.com” saýty habar berdi.

Hytaýyň Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Merkezi Aziýanyň liderleri bilen duşuşykda serhetaşa söwdany giňeltmegi teklip etdi we sebit ýurtlaryna 4 milliard dollar töweregi maliýe serişdelerini bölüp bermäge taýýardygyny aýtdy. Hytaýyň Sian şäherinde guralan iki günlük sammitde Si Szinpin Pekiniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmegi maksat edinýändigini belledi.

-Biz howpsuzlyk babatda global başlangyçlaryň çäginde hereket edip, sebitdäki howpsuzlyk meselelerini bilelikde çözmäge çalyşmaly. Biziň jemgyýetimizde parahatçylygyň höküm sürmegi üçin tagallalarymyzy birikdirmeli – diýip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin belledi.

Hytaý tarapy sebit bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýär hem-de häzirki zaman awtoulag ýollaryny, demir ýol ugurlaryny gurmagy we gaz bilen üpjün etmek üçin turbageçirijileriň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy wada berýär. Şeýle hem Pekin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ylym we tehnologiýa arkaly ilatyyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny işläp düzmekçi.

Merkezi Aziýa sammitine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşdy.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ikinji sammit 2025-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçiriler. Bu barada HHR-iň Başlygy Si Szinpin “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde mälim etdi