“Me­ta Plat­forms*” ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Mark Zu­ker­ber­giň ma­li­ýe ýag­da­ýy bir­nä­çe aýyň için­de 44,3 mil­liard dol­lar art­dy. “Bloom­berg Bil­lio­nai­res In­dex” reý­tin­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da işe­wü­riň em­lä­gi 89,9 mil­liard dol­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Şeý­le­lik­de, Zu­ker­berg dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň sa­na­wyn­da 12-nji orun­da we şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri baý­ly­gy­nyň ösü­şi bo­ýun­ça bi­rin­ji orun­da dur­ýar.
“Bloom­berg”-iň ha­ba­ry­na gö­rä, Mark Zu­ker­berg, esa­san, ula­ny­jy bi­len san­ly ob­ýekt­le­riň öza­ra gal­taş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len wir­tu­al gi­ňiş­lik bo­lan “me­taver­se”-iň has-da kä­milş­me­gi ne­ti­je­sin­de ba­ýa­dy. Zu­ker­berg üs­ti dol­du­ry­lan ha­ky­kat teh­no­lo­gi­ýa­syn­da öň­de­ba­ry­jy bol­mak üçin köp ma­ýa goý­dy. Ol bel­li bir dö­wür­de 100 mil­liard dol­lar­dan gow­rak pul ýi­tir­di, ýö­ne bu te­le­ke­çi­niň seg­ment­de aga­lyk et­mek is­le­gi­ne bö­wet bol­ma­dy.
Go­laý­da “For­bes” žur­na­ly­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, “Tes­la”-nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Ilon Mask, 400 baý ame­ri­ka­ly­nyň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bir ýyl­da Mas­kyň baý­ly­gy 60 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ar­typ, 251 mil­liard dol­la­ra ýet­di.