Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýaş nesillerde kiçilikden sagdyn durmuş endikleri ösdürmek maksady bilen «Ýartygulak we onuň dostlary» atly çagalar kitabyny neşir etdi.
Bu neşir «Türkmenistan COVID – 19-a jogap» taslamasynyň çäginde döwletimiziň we Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmegi netijesinde çapa taýýarlandy.
Türkmen we rus dillerinde ýazylan kitap mugt ýaýratmak üçin niýetlenendir. Kitabyň elektron görnüşini şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz!