Egin-eşikler belli bir derejede döwrüň ýagdaýyny, adamyň özboluşly aýratynlygyny, synpy gatlagynyň derejesini we şuňa meňzeş beýleki alamatlary häsiýetlendirýän maddy serişde bolup, adamyň tenini ýapmak bilen oňa zynat, bezeg berýär. Ol adamyň durmuşynda esasy maddy zerurlyklaryň biri bolup, bedeni yssydan ýa-da sowukdan goramak üçin hyzmat edýär. Egin-eşikler her bir halkyň medeniýetiniň umumy aýratynlygyny şöhlelendirýär we onuň kömegi bilen edep-ekramlylyk, estetiki garaýyşlaryny hem kesgitläp bilýäris. Lybaslaryň biçiliş gurluşy, reňki, göwrümi bilen, ony geýýän adamyň mertebe derejesini hem görüp bolýar. Çünki, ýaşaýyş durmuş aýratynlyklara görä egin-eşigiň taryhynda özüçe ösüş ýoluny geçendigi ýüze çykýar we olar jemgyýetiň sütüni bolup durýar. Öz ýaşaýan wagtyna görä ynsan sypatynyň her bir döwürde gözellik taýdan alnan kesgitli kadalary döreýär. Başgaça aýdylanda, “estetika” düşünjesi döreýär. Egin-eşikleriň arasynda bu kadalary erkek adamyň lybaslarynyň gurluş düzülişinde we bezeglerinde hem synlamak bolýar.
Egin-eşigiň taryhyny ýazmak adamyň daş görnüşine bolan gyzyklanma bilen bagly bolupdyr. Egin-eşigiň taryhyna degişli edebiýaty üç esasy bölege bölmek bolar – köp ýurduň egin-eşigi, bir belli ýurduň çäkleriniň we belli döwrüň egin-eşiginiň taryhy. Lybaslary öwrenmek meseleleri hem dürli bolýar: dürli häsiýetli biçüwleri öwrenmek – sada aýdyp düşündirmek, jemgyýetde egin-eşigiň ösüşini yzarlamak ýa-da egin-eşigi maddy medeniýetiň bir bölegi hökmünde seretmek. Lybaslary öwrenmegiň esasy maksady egin-eşiginiň maddy we ruhy medeniýetiň bir bölegidigini, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýändigini, geografik we howa aýratynlyklaryny, halkyň önümçilik-ykdysady durmuş şertlerini, dini düşünjelerini, gözellik garaýyş-düşünjelerini şöhlelendirýändigini düşündirmekden ybaratdyr.
Egin-eşigiň taryhy bilen gyzyklanmaklyk bilen egin-eşigiň adam durmuşynyň esasy bölegi bolup, onuň ahlak, owadanlyk we gözellik taraplaryny özünde jemleýän bir durmuşynyň bölegi bolandygyny görkezýär. Umumylykda, egin-eşigiň taryhy tejribe ähmiýetli sungat bolmak bilen adam we onuň bedeni bilen bagly bolýar. Ondan başga-da, ol sungat eseri bolup, döwürleriň çeperçilik äheňine özüniň uly täsirini ýetirýär. Muzeý ýygyndylaryndaky olaryň asyl nusgalary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatlarynyň eserleri, döwürleýin we memuar edebiýat, modalar žurnallary, fotosuratlar egin-eşigi öwrenmekde wajyp çeşme bolup hyzmat edipdir.
Egin-eşigi tikmek üçin ulanylýan dürli görnüşli matalaryň çig maly – nah, ýüpek, ýüň, zygyr, dokma usullary, reňk baýlygy we şoňa meňzeş düşünjeleri ýüze çykaryp bolar. Meselem, durmuşy ýagdaýlarda gündelik geýilýän we toý-baýramçylykda geýmek üçin niýetlenýän eşikleriň we beýleki görnüşleriniň aratapawudyny ýüze çykaryp bolýar. Umumy aýdanyňda, ynsan jemgyýetinde kabul edilýän ähli adamlaryň daşky-içki, toý lybaslarynyň häsiýetlerinde hem görüp bolar.
Ajaýyp egin-eşikleriniň nusgalaryny döreden ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň kömegi bilen, kämillige ýeten geýimleriň, ençeme asyrlar geçse-de, olaryň asyl nusgalary, çeperçilik aýratynlyklary ýitmän biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
XVIII-XIX asyrlarda milli lybasynyň düzüminde gök reňkli eşikleriň ýüze çykmagy bellenilýär we bu Orta Aziýa gök reňkleriň ýaýramagy bilen bagly bolýar. Mysal üçin, garagalpak zenan toý lybasynda gök reňkli köýnekleriň agdyklyk etmegi. Orta Aziýa halklaryň köpsanly umumylyklaryň (endik bolan gündelik durmuş ýagdaýlary) bolmagyna garamazdan, olaryň arasynda türkmen lybasy özbaşdak häsiýetini ýitirmän saklandygy aýtmak gerek.
Jeren Taňyrberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby.