“Panasonic Holdings Corp.” korporasiýasy 2031-nji ýyla çenli ýyllyk batareýa önümçiligini dört essä çykarmagy maksat edinýär. Korporasiýanyň ýolbaşçysy Ýuki Kusumi elektroulaglara bolan islegiň ýokarlanmagy bilen önümçiligiň artdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Şeýle hem Kusumi silindr şekilli batareýalaryň önümçiligini artdyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä ýapon korporasiýasy ABŞ-nyň elektroulag öndürijileri berýän goldawyndan peýdalanyp, Demirgazyk Amerikadaky önümçiligini hem artdyrar. Merkezi edarasy Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän ýapon korporasiýasy elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjysy hasaplanýan “Tesla” kompaniýasyny elektroulag batareýalary bilen üpjün edýär.
“Panasonic” önümçiligini artdyrmak maksady bilen geçen ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Kansas şäherinde täze zawodyň düýbüni tutupdy. Bu taslamanyň bahasynyň 4 milliard dollardygy mälim edilipdi.
Kusumi Demirgazyk Amerikada elektroulag bazarynyň 2021-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli ýylda ortaça 35 göterim ösjekdigini belledi.
Guwanç Nurgeldiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.