“Internet World Stats” (Bütindünýä internet statistikalary) internet ulanyjylarynyň gepleşýän dilleriniň sanawyny mälim etdi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde taýýarlanan maglumatlar “Nielsen Online”, Halkara telekommunikasiýa Bileleşigi, GfK we beýleki edara-kärhanalardan alnypdyr. Ilat sany barada Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryndan peýdalanylypdyr. Şeýle hem maglumatda islendik dilde gepleşýän internet ulanyjylarynyň şol dilde gepleşýänleriň näçe göterimidigi aýratynlykda görkezilipdir.
Mysal üçin, dünýäde nemes dilli 95 million töweregi adam bolup, olaryň 88,4 göterimi halkara tordan peýdalanýar. Ýaponça gepleýän internet ulanyjylarynyň sany soňky 17 ýylda 151,6 göterim köpelipdir.
Köpdilliligiň artmagy bilen dünýäde islendik bir dilde näçe adamyň gürleşýändigini bilmek has kynlaşýar. Köp ýurtda iňlis diline ýykgyn edilmegi bu dilde gepläp bilýänleriň sanyny hem artdyrdy. Dünýäde iňlisçäni ene dili ýa-da ikinji dil hökmünde bilýänleriň sanynyň 750 million töweregidigi çaklanylýar. Käbir maglumatlarda bolsa, diňe Hindistan bilen Hytaýda iňlis dilini bilýän 500 million ilatyň bardygy aýdylýar.
Köp adamyň birnäçe dili bilýändigine garamazdan, taýýarlanan maglumatlarda her bir adamyň diňe bir dilde gepleýändigi hasaba alnypdyr. Şeýlelikde, ulanyjylaryň umumy sanynyň dünýäniň ilaty bilen deňeşdirilmegi aňsat bolupdyr. Şeýle hem bu barlagda adamlaryň has kiçi ýaşlarda internet ulanyjysy bolup başlandygy anyklandy.
Ylmy barlagyň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dili hasaplanýan – arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan dilleriniň internetde iň köp peýdalanylýan dilleriň hataryna girýändigi mälim edildi. Bulardan başga-da portugalça, malaýça, ýaponça we nemesçe ilkinji onluga girýän diller bolupdyr.