NASA-nyň 2011-nji ýylda kosmosa uçuran “Juno” gämisi geçen ýylyň iýulynda Ýupiteriň orbitasyna giripdi. Golaýda ol planetanyň halkalarynyň içine aralaşyp, ony has ýakyndan surata aldy. Kosmos gämisiniň soňky ugradan suratlary taslama üçin çekilen zähmetiň ýerine düşendigini görkezýär. “Science” žurnalynda bu barada iki sany makala çap edilip, Ýupiterde aşa güýçli ýeliň bardygy we onuň uly magnit meýdanyna eýedigi bellenilýär. Ol ýerde öwüsýän ýel gazdan we maýdajyk böleklerden emele gelen planetanyň jümmüşine tarap hereket edýär. Esasan hem, planetanyň polýuslarynda ýel has köp öwüsýär. Astronomlar bu tüweleýiň näçe wagtdan bäri dowam edýändigini anyklamaga çalyşýarlar. Şeýle hem onuň “guşaklarynyň” gurluşlaryny öwrenmek üçin barlag geçirýärler. “Juno” programmasynyň ýolbaşçysy Dýana Broun täze maglumatlaryň özlerine Ýupiteriň jadylaýjy täsirini has ýakyndan duýmaga ýardam edendigini aýdýar.
Kosmos gämisinde “JunoCam” atly kamera bolup, ol planetany örän ýokary durulykda surata düşürip, Ýere ugradýar. “Mikrotolkun Radiometr” (MWR) atly enjamy bolsa, onuň atmosferasyny jikme-jik ölçeýär.
Häzire çenli Ýupiteriň dartyş güýjüniň Gün ulgamynyň beýleki planetalarynyň ählisinden güýçlüdigi mälimdi. Soňky barlaglar bolsa, bu planetada magnit meýdanynyň sazlaşykly däldigini we Ýeriňkiden 10 esse ýokarydygyny ýüze çykardy.