Na­ky­lyň bi­rin­ji bö­le­gin­de jem­gy­ýet­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­lar­da esa­sy or­ny eýe­le­ýän edep ba­ra­da söz açyl­ýar. Edep ada­my be­ze­ýän, adam­kär­çi­lik mer­te­be­si­ni ýü­ze çy­kar­ýan esa­sy ala­mat bo­lup, her bir yn­san öz edep-ek­ra­my­ny gör­kez­mek ar­ka­ly kim­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Ada­my ýa­kyn­dan ta­na­mak üçin il­ki bi­len onuň ede­bi­ni öw­ren­me­li. Türk­men di­li­niň dü­şün­di­riş­li söz­lü­gin­de: «Edep – edep-ek­ram, ter­bi­ýe, ter­tip-düz­gün» diý­lip kes­git­le­me be­ril­ýär. Türk­men­çi­lik­de sa­lam­ly bol­mak, uly­ny-ki­çi­ni sy­la­mak, ata-enä hor­mat goý­mak, Wa­ta­ny söý­mek ede­biň ba­şy ha­sap­lan­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ras go­ýan dur­mu­ş ka­dalaryny en­dik edi­nen adam edep­li ha­sap­lan­ýar.
Na­ky­lyň ikin­ji bö­le­gin­de ada­myň ede­bin­den ta­na­ly­şy ýa­ly, ýur­duň hem tu­gun­dan ta­nal­ýan­dy­gy be­ýan edil­ýär. Tug ýur­duň iň esa­sy ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, her bir halk bu gym­mat­ly­gy­na öz mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we ru­hy äheň­le­ri­ni siň­di­rip­dir. Is­len­dik ýur­dy ta­na­mak üçin il­ki bi­len onuň par­lap du­ran baý­da­gy­na se­re­dil­ýär. Baý­da­gyn­da­ky ala­mat­la­ry syn­la­mak ar­ka­ly şol ýurt ba­ra­da umu­my dü­şün­je eme­le gel­ýär. Baý­dak hal­kyň göz-gu­wan­jy bo­lup, bu gym­mat­ly­gyň ýo­kar­da par­lap dur­ma­gy ýur­duň ag­zy­bir­li­gin­den we asu­da­ly­gyn­dan ha­bar ber­ýär.