Dünýäde iň gowy görülýän, esasan hem, çagalar tarapyndan söýlüp iýilýän doňdurma tomsuna has köp sarp edilýän süýt önümleriniň biridir. Buzgaýmagyň ilkinji nirede ýüze çykandygy hemmämiz üçin meger gyzykly bolsa gerek?!
Geçirilen barlaglar doňdurmanyň taryhynyň miladydan öň, 4 müňünji ýyla çenli uzaýandygyny subut etdi. Nirede we nähili ýüze çykandygy barada anyk maglumat bolmasa-da oňa birnäçe rowaýatlarda gabat gelmek bolýar. Miladydan öň, 4 müňünji ýylda Aleksandr Makedonskiýniň buzly nektary oýlap tapandygy nygtalýar. Gadymy Rimde imperator Neronyň buzly doňdurma iýendigi barada maglumatlar bar. Ol gladiýatorlaryň ýaryşyna tomaşa edýän mahaly oňa lezzetli tagamlary hödürleýän aşpezlerini sylaglaýar eken. Olardan biri dagdan getiren garyny bir gaba salyp, bal we dürli miwe bölejikleri bilen garyşdyryp, imperatora hödürläpdir. Neron şol güne çenli datmadyk bu süýji tagamy örän halapdyr. Şol günüň ertesi köpsanly adamlaryny daga iberip, gar we buz getirdipdir. Oňa bal we ýenjilen miwe garyndylaryny garyp, taryhda ilkinji doňdurmany taýýarladypdyr. Başga bir taryhy çeşmelerde bolsa, miladydan öň, 3 müňünji ýyllarda ilkinji doňdurmanyň Hytaýda ýüze çykandygy bellenilýär. XIII asyrda italýan jahankeşdesi Marko Polo gadymy hytaýlylaryň buz we süýtden taýýarlan önümini öwrenip, bu usuly Ýewropa getiripdir. Wagtyň geçmegi bilen buzly tagamlar fransuz we italýan restoranlarynda şöhrat gazanmaga başlapdyr. 1676-njy ýylda Parižde 250-ä golaý doňdurma satýan dükanlaryň bolandygy aýdylýar. 1851-nji ýylda Žakob Fassel ABŞ-da doňdurma taýýarlap, satmaga başlaýar. 1900-nji ýyllardan soň, sowadyjy enjamlarynyň kämilleşip başlamagy bilen doňdurmalar has giňden ýaýraýar. Doňdurma guýulýan kökejikler 1904-nji ýylda ABŞ-nyň Missuri Luis şäherinde geçirilen dünýä sergisinde görkezilýär.
Doňdurma iýeniňizde nämä üns bermeli?
Howanyň maýlamagy bilen adam bedeni serginlemäge mätäçlik duýýar. Gyzyp duran wagtymyz sowuk suw içmek ýa-da doňdurma iýmek lezzetli bolsa-da, saglygymyza ýaramaz täsir edýär.
Süýt önümleri ýaga, beloga baý bolany üçin gerekli salkynlykda saklanylmasa, mikroorganizmleriň köpelmek hadysasy örän tiz bolup, önüm zaýalanýar. Şol sebäpli, ilki bilen, saklanyş ýagdaýyna we möhletine üns bermeli. Doňdurma iýlende agyzda eredip iýmek, soňundan sowuk suw içmegiň ýerine mylaýym suw içmek aşgazany rahatlandyrýar. Ajöze doňdurma iýmek käbir kişilerde aşgazan agyrylarynyň gozgalmagyna sebäp bolýar.