Gadym eýýamlarda, ýyllaryň bir ýylynda, günleriň bir gününde: “Haýwanlary ýygnamaly, tilki towuklara han bellenjekdir” diýip, jar çekilýär.
Bu sözi eşiden tilki:
– Meni towuklaryň hany etjeklermiş – diýip, aglaýar eken. Bir gün aglan, iki gün aglan, üçünji güni gökde uçup barýan bir durna munuň sesini eşidip, ýanyna gelip:
– Näme aglaýarsyň, tilki aga! – diýipdir.
Tilki hem:
– Meni towuklara han bellejekmişler, şoňa aglaýaryn.
Asmanda erkana uçup ýören durna tilkiniň aýdanyny eşidip:
– Özi han bolsa, ezýetsiz bolmaz, seni bize han etmeseler bolýar – diýip, uçup gidipdir.
Birnäçe gün geçenden soň, bu tilkiniň üstünden bir şagalyň ýoly düşüpdir. Ol:
– Ýeri, tilki dost, näme aglaýarsyň – diýipdir.
– Meni towuklara han etmek isleýärler.
– Eý, akmak, sen näme aglaýarsyň? Sen mydama towuk gözläp, gijeden-gije sümsünip, ony keteginden ogurlajak bolup, azara galyp ýördüň. Indi bolsa, seni olara han edýärler. Bagtyň çüwüpdir. Günde bir towuk iýde ýat.
Onda tilki şagala bakyp:
– Eý şagaljan, men şol habar ýalanmyka diýip gözýaş dökýärin, indi düşündiňmi? – diýýär.