Angliýanyň 2-nji ligasy bolan “EFL Championship”-den “Premier Liga” çykan 3-nji klub hem belli boldy. Pleý-off tapgyrynyň final duşuşygynda “Wembley” stadionynda “Kowentri Siti” bilen “Luton Town” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. 23-nji minutda Jordan Klarkyň goly bilen öňe saýlanan “Luton Town” topary 66-njy minutda Gustawo Hameriň goluna çäre tapyp bilmedi. Netijede, duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda-da üýtgän zat bolmady. Ýeňijini penalti urgulary kesgitläp, “Luton Town” toparynyň oýunçylary 6 urgyny-da dürs urmagy başardy. “Kowentri Siti” toparynda-da 6-njy urgyny Dabo ýerine ýetirip, onuň urgusyny derwezeçi saklamagyň hötdesinden geldi.
Şunlukda, Luton şäherçesiniň wekili taryhynda ilkinji gezek “Premier Ligada” çykyş etmäge hukuk gazandy. Soňky sapar 1991/92 möwsüminde Angliýanyň ýokary ligasynda, şol wagtky 1-nji Diwizionda çykyş eden “Luton Town” topary “Premier Ligada” çykyş etjek 51-nji klub hökmünde hasaba alyndy.
Rob Edwardsyň tälim berýän kluby 1885-nji ýylda esaslandyrylyp, topar taryhynda 4-nji gezek Angliýanyň iň ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. 1955/56 möwsüminde ýokary liga çykan “Luton Town” 1959/60 möwsüminde 2-nji liga düşdi. 1974/75 möwsüminde-de ýokary liga çyksa-da, şol möwsümiň ahyrynda ýene-de 2-nji liga dolandy. 1982/83 möwsüminde 3-nji gezek ýokary liga dolanan klub 1991/92 möwsümine çenli çykyşyny dowam etdirdi. Şol möwsüm çempionaty 20-nji orunda tamamlan “Luton Town” topary çempionat “Premier Liga” adyny (1992/93) alanyndan soň ilkinji gezek çykyş eder.
2010-njy ýyldan soň 5-nji liga çenli hem düşen klub 2019/20 möwsüminde 2-nji liga, “EFL Championship”-e çykypdy. Geçen möwsüm 6-njy ýeri eýelän klub bu möwsümde 3-nji orny eýeledi we pleý-offdan soň “Premier Liga” çykdy. “EFL Championship”-de “Börnli” kluby çempion bolup, “Şeffild Ýunaýted” 2-nji ýeri eýeläpdi.
“Luton Town” topary öz duşuşyklaryny 1905-nji ýylda gurlan 10356 orunlyk “Kenilworth Road” stadionynda oýnaýar.
“Kowentri” topary 23 ýyldan soň “Premier Liga” dolanmak mümkinçiligini elden giderdi.