Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasy golaýda ýurdumyzda ilkinji bolup üznüksiz iýmitlendiriş çeşmesiniň (UPS) önümçiligi ýola goýdy.
Kärhanada zähmet çekýän işgärler tejribeli daşary ýurtly hünärmenler bilen kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. “Çeşme” haryt nyşany bilen önümçiligi ýola goýlan UPS-leriň dürli kuwwatlykly görnüşleri bolup, olar elektrik akymynyň gelýän ugrunyň kesilendigine garamazdan, sarp edilişine we ýüklenilişine görä, birnäçe wagtyň dowamynda üznüksiz elektrik togy bilen üpjün edýär. Önüm akkumulýatorly işläp, köçeleriň yşyklarynda, ýol hereketini düzgünleşdiriji enjamlarda, kompýuter enjamlarynda, internet torlarynda, hassahanalarda (operasiýa otaglarynda), aeroportlarda, ýaşaýyş jaýlarynda giňden ulanylýar.
Şeýle hem kärhanada elektrik toguny sazlaýjy enjamyň (stabilizator), elektrik akymyny paýlaýjy germewleriň (elektroşit) önümçiligi alnyp barylýar. Müşderiler önümiň ulanylyşyna degişli ýörite gollanma kitapçalary bilen üpjün edilýär. UPS-leriň dürli görnüşlerini gurnamak, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirip bermek hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär.