On­lar­ça ýyl­dan bä­ri öw­re­nil­ýän hem bol­sa te­bi­gat­da ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk ösüm­lik­dir jan­dar­lar az däl. Her ýyl­da um­man­dyr de­ňiz­ler­den, to­kaý­dyr dag ge­riş­le­rin­den tä­ze jan­dar­lar we ösüm­lik­ler ta­pyl­ýar. Süý­re­ni­ji­le­ri we ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­la­ry öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan Ger­man Ça­we­ziň hem-de Ales­sand­ro Ka­te­naz­zi­niň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry ala­wy ýa­da sal­ýan daş­ky reň­ki bo­lan gur­ba­ga­ny tap­dy­lar. “Scinax py­ro­in­gui­nis” at­ly gur­ba­ga Ama­zon­ka to­ka­ýyn­dan ta­pyl­dy. Tä­sin jan­dar bu giň to­kaý­ly­gyň Pe­ruw­da­ky te­kiz­lik­le­rin­de ta­pyl­dy. Alym­lar gur­ba­ga­nyň bu gör­nü­şi­niň şun­ça wagt­lap bu ýer­de dür­li bar­lag­la­ry ge­çi­ren hü­när­men­le­riň gö­zü­ne il­män­di­gi­ne haý­ran ga­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­ýär­ler. Bu jan­da­ryň bu tö­we­rek­de örän seý­rek duş gel­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da “Evolu­tio­na­ry Sys­te­ma­tics” at­ly žur­nal­da ma­ka­la çap edil­di. Alym­lar bu gur­ba­ga­nyň ýa­şa­ýan flo­ra­sy­nyň howp as­tyn­da­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.