Il­kin­ji za­wo­dy­ny gu­rar

63

Fran­si­ýa Ýew­ro­pa­da aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň ösen ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny bar­ha ar­typ, ýurt­da elekt­rou­lag üçin ge­rek bo­lan kä­bir äti­ýaç­lyk şaý­la­ry da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn alyn­ýar. Elekt­rou­lag­la­ryň iň esa­sy bö­le­gi bol­sa ba­ta­re­ýa­lar ha­sap­lan­ýar we bu ugur­da dün­ýä­de ABŞ hem-de Hy­taý öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da­ky bu ýet­mez­çi­li­giň öňü­ni al­mak we bu ba­zar­dan has köp paý al­mak üçin ýurt­da il­kin­ji ba­ta­re­ýa za­wo­dy gur­lar. Bu za­wod ýurt­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «tä­ze­den se­na­gat­laş­mak» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de gur­lar. Iri önüm­çi­lik des­ga­sy­ny «To­ta­lE­ner­gi­es», «Mercedes-Benz», «Peu­ge­ot», «Fi­at» we «Chrys­ler» ýa­ly brend­le­re eýe­çi­lik ed­ýän köp­mil­let­li «Stel­lan­tis» to­pa­ry­nyň bi­le­lik­de dö­re­den «Au­to­mo­tive Cells Com­pa­ny» kom­pa­ni­ýa­sy gu­rar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da 2035-nji ýy­la çen­li ada­ty ýan­gyç­ly ulag­la­ryň sa­tu­wy ga­da­gan edi­ler. Mun­dan ozal Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ýa­kyn ýyl­lar­da 50-den gow­rak ba­ta­re­ýa za­wo­dy­nyň gu­rul­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di.
Fran­si­ýa 2030-njy ýy­la çen­li her ýyl­da iki mil­li­on elekt­rou­lag ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Tyl­la HO­JA­GU­LY­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.