Netijelilikde re­kor­d goýuldy

68

Hü­när­men­ler köp ýyl­dan bä­ri bi­na­la­ryň pen­ji­re­le­ri­ne otur­dyp bol­ýan hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip bil­ýän aý­na­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len ýag­da­ýyn­da äpet bi­na­lar­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy şol bi­na­nyň pen­ji­re­le­ri ar­ka­ly üp­jün edi­ler. Gon­kon­gyň Po­li­teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri 19,3 gö­te­rim ne­ti­je­li­lik ber­ýän or­ga­nik pa­ne­li iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Uni­wer­si­te­tiň yl­my iş­gä­ri, pro­fes­sor Li Gan tä­ze açy­şyň ýa­nyň­da gö­te­ril­ýän elekt­ron en­jam­lar­da hem-de bi­na­la­ra ýer­leş­di­ril­ýän Gün pa­nel­le­rin­de aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Bu ugur­da dün­ýä­de soň­ky 20 ýyl­dan bä­ri iş al­nyp ba­ryl­ýar. Pro­fes­sor tä­ze usul­lar­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly ne­ti­je­li­li­gi 20 gö­te­rim­den ýo­ka­ry çy­ka­ryp bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da «Na­tu­re Com­mu­nications» at­ly žur­nal­da ma­ka­la çap edil­di. Or­ga­ni­ki Gün pa­nel­le­ri has ýu­ka gat­lak­ly or­ga­ni­ki ma­te­ri­al­lar­dan eme­le ge­len­soň, ada­ty si­li­kon esas­ly Gün pa­nel­le­rin­den ýe­ňil we çe­ýe bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ma­te­ri­al­lar daş­ky gur­şaw üçin hem zy­ýan­syz ha­sap­lan­ýar. Ýu­ka bo­lan­dy­gy üçin ba­ha­sy­nyň hem el­ýe­ter­li bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Dün­ýä­de bu ugur­da baş­ga yl­my iş­ler hem dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ka­li­for­ni­ýa­nyň «Ubiqui­to­us Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy Gün şöh­le­sin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny alyp bol­ýan pen­ji­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa gel­jek ýyl önüm­çi­li­ge baş­la­ma­gy we be­ýik bi­na­la­ry «dik Gün ener­gi­ýa be­ket­le­ri­ne» öwür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Ga­ýyp­na­zar BAL­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.