BRIKS ýurtlary ýerli walýutalary halkara töleglerinde ulanmak maksady bilen höweslendiriş ulgamyny girizmegi meýilleşdirýärler. Bu barada bileleşigiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki beýanatynda bellenilýär.
Resmi wekiller halkara söwda ulgamynda we BRIKS ýurtlarynyň arasyndaky maliýe amallarynda ýerli walýutalary ulanmagyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
BRIKS ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 1-2-nji iýunda Keýptaun şäherinde geçirildi.
Günorta Afrika Respublikasy şu ýylyň başynda BRIKS-iň ýolbaşçylygyny Hytaýdan aldy. Günorta Afrikanyň bileleşige ýolbaşçylygy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli hereket eder we soňra bileleşigiň başga bir ýurduna geçirer.
BRIKS-e Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy girýär. Argentinanyň, Eýranyň we Hytaýyň daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, Indoneziýa, Türkiýe, Saud Arabystany we Müsür hem ykdysady bileleşige goşulmak isleýär.