Ir­den Gü­nüň dog­ma­gy we ag­şam Gü­nüň bat­ma­gy te­bi­ga­tyň ada­ty­na öw­rü­len hem bol­sa, dün­ýä­niň kä­bir ýe­rin­de Aýy gör­män ýa­şa­ýan­lar hem bar. Ýag­ny, esa­san, De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn ýer­ler­de ýy­lyň bel­li wag­tyn­da bir­nä­çe aý­lap Gün ýaş­ma­ýar. Şol ýer­ler­de uzak wagt­lap Gü­nüň dog­ma­ýan, ýag­ny di­ňe gi­jä­niň do­wam ed­ýän döw­ri hem bol­ýar. Bu ýer­ler­de 24 sa­ga­dyň 18-20 sa­ga­dy ýag­ty bo­lup, ga­raň­ky düş­me­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ýer­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry ag­şam ýat­ma­ly, ir­den tur­ma­ly wag­ty­ny bil­mek üçin ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na däl, eý­sem, sa­ga­dyň di­li­ne se­re­dip bil­me­li bol­ýar­lar. Bu ýag­daý Ýe­riň Gü­nüň or­bi­ta­syn­da­ky ýe­ri hem-de pla­ne­ta­my­zyň or­bi­ta­da bir­ne­me egik ýer­leş­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu pa­syl­la­ryň eme­le gel­me­gi­ne hem se­bäp bol­ýar. Şu ýer­ler­de ýag­ty­ly­gyň uzak wagtlap do­wam et­me­gi­ne pol­ýar gün­di­zi, gi­jä­niň do­wam et­me­gi­ne pol­ýar gi­je­si di­ýil­ýär. Bu ýer­lerde Gün bat­ma­ýan hem bol­sa, gü­nüň bel­li wag­ty ýag­ty­lyk pes­räk bol­ýar, em­ma tüm ga­raň­ky­lyk hem düş­me­ýär. Se­bä­bi bu ýe­rlere Gün ke­se düş­ýär. Ine, gün­di­ziň bir­nä­çe aýlap do­wam ed­ýän ilat­ly ýer­le­ri­ň kä­bi­ri:

Nor­we­gi­ýa. Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky bu ýurt «Ýa­ry­gi­je ýur­dy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Nor­we­gi­ýa de­mir­ga­zyk pol­ýar aý­la­wyn­da ýer­leş­ýär. Bu ýurt­da maý aýyn­dan iýul aýy­nyň ahy­ry­na çen­li, tak­my­nan, 76 günläp Gün ýaş­ma­ýar. Gü­nüň şöh­le­si her gün 20 sa­gat tö­we­re­gi tu­tuş se­bi­ti gur­şap al­ýar. Nor­we­gi­ýa­nyň gu­ry ýer bö­le­gin­den ep-es­li uzak­da ýer­leş­ýän Swal­bard ada­syn­da bol­sa, 10-njy ap­rel­den 23-nji aw­gus­ta çen­li Gün ýaş­ma­ýar. Şol se­bäp­li ada­nyň ady­bir şä­he­ri­ne bu te­bi­gy gö­zel­li­ge şa­ýat bol­mak üçin barýan adamlaryň sa­ny az däl.
Is­lan­di­ýa. Is­lan­di­ýa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan soň Ýew­ro­pa yk­ly­my­nyň iň uly ada­sy ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da 10-njy maý­dan iýul aýy­na çen­li Gün şöh­le­si ýal­kym saç­ýar. Bu dö­wür­de Gün he­mi­şe go­ri­zont­da bo­lup, şöh­le ke­se­li­gi­ne düş­ýär. Ada gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ra haý­ran gal­dy­ry­jy de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny syn­la­mak­dan baş­ga-da, gy­zyk­ly ge­ze­lenç­ler, kit­le­re syn et­mek, buz go­wak­la­ryn­da ýa­şa­mak, mil­li se­ýil­gäh­le­re aý­lan­mak we we­lo­si­ped sür­mek ýa­ly çä­re­ler hö­dür­len­ýär.
Ka­na­da. Meý­da­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýan ýur­duň de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri ýy­lyň do­wa­myn­da gar bi­len ör­tül­ýär. Ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar se­bit­le­rin­de we Inu­wik et­ra­byn­da to­mus­da, tak­my­nan, 50 günläp gi­je bol­ma­ýar. Gün şöh­le­si­niň 18-20 sa­gat­lap şöh­le saç­ýan möw­sü­min­de bu ýe­re müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän Ka­na­da, esa­san, gar­da ge­çi­ril­ýän sport gör­nüş­le­ri we güý­men­je­le­ri bi­len meş­hur­dyr.
Al­ýas­ka. Has­ki­le­ri bi­len ta­nal­ýan dün­ýä­niň iň so­wuk ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Al­ýas­ka­da maý aýy­nyň ahy­ryn­dan iýul aýy­nyň ahyr­la­ry­na çen­li Gün ýaş­ma­ýar. Owa­dan we tä­sin te­bi­ga­ty bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýan Al­ýas­ka ga­lyň buz­luk­la­ry we gar bi­len ör­tü­len dag­la­ry bi­len meş­hur­dyr. ABŞ-nyň gu­ry ýer­den ser­he­di bol­ma­dyk bu şta­ty­na her ýyl buz­luk­lar­da ge­ze­lenç et­mek, Gün şöh­le­si­ne ýal­pyl­da­ýan gar­ly dag­la­ry we kit­le­ri ýa­kyn­dan syn­la­mak üçin 1 mil­li­on tö­we­re­gi sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Şwe­si­ýa. Ýo­kar­da ag­za­lan ýer­ler bi­len de­ňeş­di­ri­len­de Şwe­si­ýa maýyl ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da adat­ça Gün ýa­ry gi­je tö­we­re­gi ba­typ, maý aýy­nyň ba­şyn­dan aw­gust aýy­nyň ahy­ry­na çen­li gi­je gys­ga bol­ýar. Ýag­ny 20-22 sa­gat­lap Gün şöh­le sa­çyp dur­ýar. Şwe­si­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ba­lyk tut­mak, golf oý­na­mak, ly­ža­da typ­mak, de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­na to­ma­şa et­mek hem-de mil­li se­ýil­gäh­ler­de ge­ze­lenç et­mek ar­ka­ly wag­ty­ny ge­çir­ýär­ler.
Finl­ýan­di­ýa. Köl­le­riň we ada­la­ryň me­ka­ny bo­lan bu ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry to­mus­da 73 gün­läp ga­raň­ky­ny gör­me­ýärler. Esa­san, gyş­ky sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­hur bo­lan ýurt sy­ýa­hat­çy­la­ra ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­le­ri, tram­waý­da şä­he­ri aý­lan­mak, ba­lyk tut­mak we ly­ža­da typ­mak ýa­ly güý­men­je­le­ri hö­dür­le­ýär.