Howanyň gyzmagy bilen awtoulaglarda serginlediji işjeň ýagdaýda ulanylýar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler, esasan hem, ulag ýaňy işläp başlan mahaly serginledijini açmagyň adam saglygy üçin zyýanlydygyny belleýärler. Aýnasy ýapyk maşynyň Günüň aşagynda durmagy bilen ulagyň içinde benzol ýygnanýar. Benzol zäherli gaz bolup, tomus aýlarynda has köp duş gelýär. Benzol ulagyň içindäki, ýagny önümçilikde awtoulagyň käbir böleklerini ýasamak üçin ulanylýan plastmassadan bölünip çykýar. Benzol adam saglygy üçin gaty howply bolup, süňklere, böwrege we bagyra zeper ýetirip bilýär. Şeýle hem gan öýjüklerini azaldyp, ganazlyga sebäp bolýar.
Ulaga münülen badyna sowadyjynyň işledilmegi bilen, turbadaky howa akymlary toplanan benzoly içeri üfleýär. Içerdäki dymyk howa bilen benzolyň garyşmagy netijesinde saglyk üçin zyýanly howa emele gelýär. Şonuň üçin awtoulaga münmezden ozal gapylaryny açyp biraz howasyny täzelemeli. Eger-de howlukmaç ýola çykan bolsaňyz, onda gidip barýarkaňyz ulagyň aýnalaryny açyp, içerdäki zäherli gazlary (dymyk howa) çykarmaly. Soňra serginlediji işledilse, saglyk üçin zyýansyz hem-de talabalaýyk bolar.