Belgiýanyň çempionaty “Jupiler Pro League” beýleki ligalara garanyň-da o diýen özüni çekiji çempionat bolmasa-da, möwsümi taryhy çempionlyk göreşi bilen jemlendi. Çempionatda çempion soňky tapgyrda, has takygy, pleý-off soňky duşuşyklarynda dramatik ýagdaýda belli boldy. Duşuşyklaryň dowam edýän pursatynda 3 klubuň arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş bolup, duşuşyklar tamamlanýança çempion topar 3 gezek üýtgedi.

Soňky duşuşyklardan öň “Antwerpen” toparynyň 46, 2-nji ýerdäki “Ýunion Sent-Žilluaz” toparynyň 46, 3-nji ýerdäki “Genk” toparynyň 45 hem-de hiç hili çempion bolmak mümkinçiligi galmadyk Klub Brýuggeniň 33 utugy bardy. “Genk” öz meýdançasynda “Antwerpen” bilen duşuşsa, “Ýunion Sent-Žilluaz” öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” kabul etdi.

Toparlar “Genk” 1-0 öňde, “Ýunion”–“K.Brýugge” duşuşygynda-da golsuz ýagdaýda arakesmä çykdylar we 1-nji ýarymdaky bu netijelerden soň “Genk” çempiondy. Ýöne “Ýunion” topary 2-nji ýarymyň başynda öňe saýlanyp, çempionlygy özüne geçirdi. Emma olaryň bu çempionlygy uzak dowam etmedi. 2-nji ýarymyň ahyrlarynda juda köp zat üýtgedi.

58-nji minutda “Antwerpen” topary hasaby deňlese-de, şol wagtky hasaplara görä-de “Ýunion” çempiondy. Hatda, 75-nji minutda “Genk” 2-nji goly hem geçirip, 2-1 öňe geçdi we “Ýunionyň” işini has-da ýeňilleşdiripdi. Emma 89-njy minutdan soň hemme zat üýtgedi. Geçen möwsümde-de adaty sanawy 1-nji orunda tamamlap, pleý-off tapgyrynda çempionlygy “Klub Brýugge” toparyna aldyran Sent-Žilluazlylaryň çempionlygyna bu möwsümde-de ýene şol klub badak goýdy. 88-nji minutda oýna giren Şon Homma 1 minutdan soň hasaby deňledi. 90+3-nji minutda-da Hommanyň pasyndan soň Noa Lang “Klub Brýuggeni” 2-1 öňe geçirdi. Bu hasaplara görä, çempionlyk “Genk” toparyna geçdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Antwerpen” topary 90+4-nji minutda meşhur goragçysy Tobi Alderweireldiň goly bilen hasaby deňledi. Bu goldan soň çempionlyk “Antwerpen” toparyna geçdi we ol şol klubda-da galdy. Oýnuň 90+6-njy minutynda “Antwerpeniň” oýunçylarynyň biri (Balikişa) gyzyl kart hem alsa-da, bu olaryň taryhy çempionlygyna oňaýsyz täsirini ýetirmedi. Beýleki duşuşykda-da 90+10-njy minutda “Klub Brýugge” ýene bir gol geçirip (Sisse Sandra), oýna soňky nokady goýdy.

Şunlukda, “Genk” – “Antwerpen” duşuşygy 2-2, “Ýunion Sent-Žilluaz” – “Klub Brýugge” duşuşygy-da 3-1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Bu netijelerden soň, “Antwerpen” utugyny 47-ä çykaryp, taryhy çempionlyk gazandy. Bu olaryň 66 ýyldan soň gazanan ilkinji, umumylykda 5-nji çempionlygy boldy. Häzirki wagtda ozalky meşhur futbolçy, niderlandlardan Mark Wan Bommeliň tälim berýän kluby mundan öň 1928/29, 1930/31, 1943/44 hem-de 1956/57 möwsümlerinde çempion bolupdy. 2004-nji ýylda aşaky liga düşüp, 13 ýyldan soň ýokary liga dolanan “Roýal Antwerpen” topary kubok ýaryşynda-da ýeňiş gazanyp, taryhynda ilkinji gezek möwsümi goşa üstünlik bilen tamamlamagy başardy. Utugyny 46-a çykaran “Genk” çempionaty 2-nji orunda tamamlap, UEFA Çempionlar Ligasyna 2-nji saýlama tapgyryndan başlap gatnaşmaga hukuk gazandy. Bassyr 2-nji möwsümde agza-burna gelen çempionlygy elden gideren “Ýunion Sent-Žilluaz” topary-da soňky gezek 1934/35 möwsüminde gazanan çempionlygy üçin ýene-de bir möwsüm garaşmaly bolar.