5-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da 12 ýaş­ly we şon­dan ki­çi ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin ýa­ry­şy­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy.
Bu sport çä­re­si­niň ge­çi­ril­me­gi ug­run­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan top­lum­la­ýyn esas­da taý­ýar­lyk gö­rül­di. Mu­nuň üçin paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de tür­gen­ler we ýa­ry­şa gat­naş­jak­la­ryň hem­me­si, myh­man­lar­dyr jan­kö­ýer­ler üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň üç ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň – Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ryn­dan 170 meý­le­tin­çi taý­ýar­lan­dy.
Ýa­ry­şyň açy­lyş da­ba­ra­sy Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki Ten­nis top­lu­myn­da ge­çi­ril­di. Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň 4 müň orun­lyk top­lu­my­ny baý­ram­çy­lyk ru­hy gur­şap alyp, oňa köp san­ly to­ma­şa­çy­lar ýyg­nan­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy E.Döw­le­tow açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra gi­riş sö­zi bi­len ýüz­len­di.
12 ýaş­ly we şon­dan ki­çi ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin ýa­ry­şy açyk diý­lip yg­lan edi­len­den soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­dy. Onuň owa­zy­nyň as­tyn­da Döw­let baý­da­gy­myz be­len­de gal­dy­ryl­dy.
Soň­ra Hal­ka­ra ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Azi­ýa se­bi­ti bo­ýun­ça we­ki­li Amir Bor­ge­ýä söz be­ril­di. Myh­man da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hem­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň gö­zel paý­tag­ty Aş­ga­bat­da — açy­lyş da­ba­ra­syn­da gör­ýän­di­gi­ne örän şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Açy­lyş da­ba­ra­sy Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň we Ka­ra­te-do fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň sport mek­dep­le­rin­de tä­lim al­ýan­la­ryň, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler köş­gü­niň tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len ta­mam­lan­dy. Sport ýa­ry­şy 6 döw­le­tiň — Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re ikin­ji ge­zek jem­län se­bit­le­ýin sport çä­re­si hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Bu ýurt­la­ryň äh­li­si­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da­ky il­kin­ji sport ýa­ry­şy hem 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­lip­di.
Ýur­du­my­zyň to­par­la­ry­nyň iki­si-de sport ýa­ry­şy­na üs­tün­lik­li baş­la­dy­lar. Aş­ga­bat şä­he­rin­den Sü­leý­man Hu­daý­ber­di­ýe­wiň we Na­zar­gel­di Aman­gel­di­ýe­wiň, Türk­me­na­bat şä­he­rin­den hem Aly Gel­di­ýe­wiň çy­kyş ed­ýän og­lan­lar to­pa­ry gyr­gy­zys­tan­ly bäs­deş­le­ri­ni 3:0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy­lar. Aş­ga­bat şä­he­rin­den Aý­lar Ka­ka­ba­ýe­wa­nyň, An­na Pon­ýa­to­wa­nyň we Näz­li Hu­daý­gu­ly­ýe­wa­nyň çy­kyş ed­ýän gyz­lar to­pa­ry hem şol ha­sap­da Gyr­gy­zys­tan­dan ge­len bäs­deş­le­ri­ni ýeň­me­gi ba­şar­dy.
Öz­be­gis­tan­dan ge­len og­lan­lar we gyz­lar to­par­la­ry tä­ji­gis­tan­ly bäs­deş­le­rin­den 3:0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy­lar. Ga­za­gys­tan­ly ýaş ten­nis­çi­ler ow­ga­nys­tan­ly bäs­deş­le­ri­ni 3:0 ha­sa­byn­da ýeň­di­ler.
Ýa­ry­şy gu­raý­jy­lar oňa gat­na­şy­jy­lar üçin ýö­ri­te me­de­ni mak­sat­na­ma hem taý­ýar­la­dy­lar. Bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de myh­man­lar “Nu­saý” ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na ba­ryp gör­dü­ler. Sport ýa­ry­şy­nyň ahy­ry­na çen­li Jan­ly te­bi­ga­tyň mil­li mu­ze­ýi­ne hem ge­ze­lenç gu­ra­lar.