Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­me­gi, ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň çuň­laş­ma­gy ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni ir­ki ýaş­dan baş­lap öw­ret­mek üçin bu sa­pak ýö­ri­te ders hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­nyň okuw me­ýil­na­ma­la­ry­na gi­ri­zil­di. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry we umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri bo­ýun­ça in­no­wa­si­on okuw mak­sat­na­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy hem-de okuw işi­ne or­naş­dy­ryl­dy.

Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de bir­nä­çe ders­ler bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de oka­dyl­ýan umu­my­bi­lim ber­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler he­re­ket ed­ýär. Bu okuw mek­dep­le­ri­niň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri bo­ýun­ça mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry we baş­lan­gyç synp okuw­çy­la­ry hem-de mu­gal­lym­la­ry üçin (okuw me­ýil­na­ma­la­ryn­dan, mak­sat­na­ma­la­ryn­dan, gol­lan­ma­la­ryn­dan, şol san­da elekt­ron gör­nüş­dä­ki gol­lan­ma­lar­dan yba­rat bo­lan) okuw top­lum­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. Olar üçin döw­re­bap çe­me­leş­me­ler esa­syn­da okuw mak­sat­na­ma­la­ry, okuw ki­tap­la­ry we gol­lan­ma­la­ry tä­ze tej­ri­be­le­riň yzy­gi­der­li gi­ri­zil­me­gi bi­len ne­şir edil­di. Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ryn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň oka­dy­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we kä­mil okuw ki­tap­la­ry­ny taý­ýar­la­mak hem-de mu­gal­lym­la­ra usu­ly taý­dan ýar­dam ber­mek işi­ni ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bag­la­şy­lan iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­la­ra, şeý­le hem hö­kü­me­ta­ra, pu­da­ga­ra yla­la­şyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da bi­lim eda­ra­la­ryn­da iş­le­mek üçin da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler, usul­çy mu­gal­lym­lar yzy­gi­der­li ça­gy­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de dört mak­sa­dyň – ama­ly-tej­ri­be, bi­lim be­ri­ji­lik, ter­bi­ýe­çi­lik, kä­mil­leş­di­riş mak­sat­la­ry­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny tej­ri­be­li dil­çi alym­lar bel­le­ýär­ler. Ola­ryň äh­li­si hem bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bol­mak bi­len ama­ly-tej­ri­be mak­sa­dy dil öw­ret­mek­de has äh­mi­ýet­li­dir.
Ama­ly-tej­ri­be mak­sa­dy. On­da okuw­çy­nyň ýa-da ta­ly­byň öw­ren­ýän di­li­ni ara­gat­na­şyk se­riş­de­si hök­mün­de dur­muş­da peý­da­la­nyp bil­me­gi­ni aň­lad­ýar. Bu mak­sa­dyň dürs ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin «Di­li ama­ly bil­mek» di­ýen dü­şün­jä­niň ma­ny­sy­na dü­şün­mek ze­rur. Mu­nuň özi öw­re­nil­ýän da­şa­ry ýurt di­lin­de be­ýan edil­ýän söz­le­re dü­şün­me­gi hem-de öz pi­ki­ri­ňi şol di­liň üs­ti bi­len be­rip bil­me­gi aň­lad­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, olar be­ril­ýän mag­lu­ma­ta söz­lük­siz, çyl­şy­rym­ly mag­lu­mat­la­ra söz­lü­giň kö­me­gi bi­len dü­şün­me­gi, şeý­le hem dil we ýa­zuw mag­lu­mat­la­ry­ny öw­ren­ýän di­liň­de dü­şün­dir­me­gi ba­şar­ma­ly­dyr. Ama­ly-tej­ri­be mak­sa­da ýet­mek bi­len, mu­gal­lym okuw­çy­la­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek işi­ne uly go­şant goş­ýar. Haý­sy hem bol­sa bir di­li okat­mak­da ýa­zuw di­li öw­ret­mek­li­giň esa­sy se­riş­de­si bo­lup, okuw we söz­le­ýiş di­li­ni ös­dür­mek­li­ge ýar­dam ed­ýär. Ýaş­la­ryň di­li öw­re­nip bil­mek ukyp­la­ry ola­ryň öz­baş­dak iş­le­mek, alan bi­li­min­den, dür­li ýag­daý­lar­da dö­re­di­ji­lik­li peý­da­la­nyp bil­mek ba­şar­nyk­la­ry­ny we en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek ar­ka­ly kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu me­se­le­de mag­lu­mat ede­bi­ýat­la­ryn­dan, teks­ti öz­baş­dak öw­ren­mek­den, ter­ji­me iş­le­rin­den, au­dio-wi­deo ýaz­gy­la­ryn­dan, komp­ýu­ter til­si­mat­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den we beý­le­ki­ler­den peý­da­lan­mak ýo­ka­ry ne­ti­je ber­ýär. Umu­man aý­dy­lan­da, okat­ma­gyň ama­ly-tej­ri­be mak­sa­dy okuw­çy­la­ryň öw­ren­ýän da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de gep­le­şip bil­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­dan, is­len­dik ýer­de on­dan peý­da­lan­ma­gy ba­şar­mak­dan yba­rat­dyr.
Bi­lim be­ri­ji­lik mak­sa­dy. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň bi­lim be­ri­ji­lik mak­sa­dy iki ugur­dan yba­rat bo­lup, ola­ryň bi­ri dil öw­ren­ýä­niň dil ha­kyn­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­ýän bol­sa, beý­le­ki bi­ri ýaş­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň we göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Bi­rin­ji ugur bo­ýun­ça öw­ren­ýän da­şa­ry ýurt di­li bi­len ene di­li­ni we ede­bi­ýa­ty­ny de­ňeş­dir­mek ar­ka­ly di­li umu­my hä­si­ýet­le­ri­dir aý­ra­tyn­lyk­la­ry esa­syn­da öw­ren­ýär. Söz­le­ýiş en­dik­le­ri­dir ba­şar­nyk­la­ry, dil se­riş­de­le­ri ha­kyn­da­ky dü­şün­je­le­ri ke­ma­la ge­len ýaş­lar ene di­lin­den we beý­le­ki ders­ler­den öw­re­nen­le­ri­ne da­ýa­nyp, di­liň gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny kes­git­le­me­gi ba­şar­ýar­lar. Bu­lar bol­sa ýaş­la­ryň pi­kir­len­mek ba­şar­nyk­la­ry­nyň, akyl zäh­me­ti­niň, in­tel­lek­tu­al aň-dü­şün­je­si­niň, söz­le­ýiş di­li­niň we me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Okat­ma­gyň di­li ara­gat­na­şy­ga gö­nük­dir­mek ug­ry be­ýan edil­jek pi­kir­le­ri kes­git­le­mek ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Kä­bir ýag­daý­lar­da (ki­tap ar­ka­ly öw­re­ni­len­de) öw­re­nil­ýän mag­lu­ma­ta gi­riş­mek, aw­to­ryň be­ýan ed­ýän pi­kir­le­ri­ne dü­şün­mek we okan za­dyň maz­mu­ny­na anyk ba­ha be­rip bil­mek ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek ze­rur­ly­gy-da ýü­ze çyk­ýar. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň ikin­ji bi­lim be­riş ug­ry, ýaş­la­ry di­li öw­re­nil­ýän ýurt­la­ryň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, ta­ry­hy, ge­og­rafiýa­sy, yl­my, sun­ga­ty, yk­dy­sa­dy­ýe­ti bi­len ta­nyş bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ýaş­la­ryň di­li öw­re­nil­ýän ýurt­la­ryň ta­ny­mal adam­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek ar­ka­ly şol halk­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, ta­ry­hy wa­ka­la­ry, me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri, te­bi­ga­ty ba­ra­da dü­şün­je al­ýar­lar. Da­şa­ry ýurt­la­ryň nus­ga­wy we hä­zir­ki za­man ýa­zy­jy­la­ry­nyň eser­le­ri­ni oka­mak ýaş­la­ra bi­lim­le­ri­ni çuň­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ter­bi­ýe­leý­ji­lik mak­sa­dy. Mu­gal­lym­lar ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ret­me­giň ter­bi­ýe­leý­ji­lik we kä­mil­leş­di­riş mak­sat­la­ry esa­syn­da ola­ryň söz­le­ýiş en­dik­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek bi­len bi­le­lik­de dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­ny, pi­kir­le­niş­le­ri­ni, in­tel­lek­tu­al aň-dü­şün­je­le­ri­ni, ah­lak we gö­zel­lik sy­pat­la­ry­ny hem ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar­lar. Dil mag­lu­mat­la­ry­ny hem-de söz­le­ýiş en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýaş­la­ryň kä­mil şah­sy­ýet hök­mün­de ter­bi­ýe­len­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň se­riş­de­le­ri­ni (söz­lük go­ru­ny, gram­ma­ti­ki we fo­ne­ti­ki gur­lu­şy­ny), söz­le­ýiş di­li­niň üs­ti bi­len öw­ren­ýän ýaş­la­ryň öz­baş­dak aň­ly-dü­şün­je­li he­re­ket edip we gep­le­şip bil­mek­le­ri mö­hüm me­se­le­dir. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­red­ýän mu­gal­lym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hem okuw­çy­la­ry öz­baş­dak bi­li­mi­ni art­dyr­mak iş­le­ri­ne hö­wes­len­dir­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Dil öw­ren­ýän ça­ga­lar­da, ýaş­lar­da hö­wes, ter­tip­li­lik, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk, ja­nyp­keş­lik, tu­tan­ýer­li­lik we iş­jeň­lik ýa­ly oňyn hä­si­ýet­ler ke­ma­la gel­ýär. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt di­li öz maz­mu­ny, oka­dy­lyş usul­la­ry we se­riş­de­le­ri bi­len ýaş­lar­da ata Wa­ta­na bo­lan söý­gi, dost-do­gan­lyk, dog­ru­çyl­lyk, adam­kär­çi­lik we yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Kä­mil­leş­di­riş mak­sa­dy. Bu mak­sa­dyň ady­nyň pe­da­go­gi­ka­da meş­hur bo­lan «Kä­mil­leş­di­riş usu­ly» dü­şün­je­si­niň çäk­le­rin­de usu­ly öý­kün­mä­niň ne­ti­je­sin­de ke­ma­la ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu adal­ga ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da «Da­şa­ry ýurt di­li­ni okat­ma­gyň kä­mil­leş­di­riş mak­sa­dy» ady bi­len dör­dün­ji mak­sat hök­mün­de usu­ly­ýet yl­my­na or­naş­dy­ryl­dy. Bu mak­sa­dyň ady bi­len bag­ly kä­mil­leş­di­riş dü­şün­je­si dö­wür bi­len aýak­daş­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň şah­sy­ýet bi­te­wü­li­gi­ni ke­ma­la ge­ti­ri­ji akyl, duý­gy, hä­si­ýet, ah­lak sy­pat­la­ry­ny kä­mil de­re­jä gal­dyr­mak da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ret­me­giň kä­mil­leş­di­riş mak­sa­dy­nyň öňün­de goý­ýan baş we­zi­pe­si­dir. Şah­sy­ýe­tiň kä­mil­li­ge ýet­me­gin­de okuw­çy­la­ryň iç­ki duý­gu­sy­nyň hem-de me­ýil-ar­zuw­la­ry­nyň ama­la aş­ma­gy üçin da­şa­ry ýurt di­li sa­pak­la­ry­nyň üs­ti bi­len ola­ryň özü­ne bo­lan yna­my­ny ter­bi­ýe­le­me­giň mö­hüm­li­gi da­şa­ry ýurt di­li­ni okat­ma­gyň usu­ly­ýe­tin­de yl­my esas­da su­but edi­len­dir. Ne­ti­je­de, da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mä­ge bo­lan iç­ki (hö­wes) duý­gu­lar güýç­len­ýär hem-de okuw döw­ri do­ly maz­mu­na eýe bol­ýar. Psi­ho­log­la­ryň we pe­da­gog­la­ryň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, okuw döw­rü­niň do­wa­myn­da söz­le­ýiş­de duş gel­ýän kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­mek okuw­çy­la­ra öw­re­di­len ha­la­tyn­da özü­ne ynam­ly, sag­dyn pi­kir­li, kä­mil­li­ge ym­tyl­ýan giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly şah­sy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­zan­mak müm­kin. Okat­ma­gyň kä­mil­leş­di­riş mak­sa­dy okuw­çy­la­ryň in­tel­lek­tu­al, emo­sio­nal duý­gu­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi ber­ýän we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­me­gi bu mak­sa­dyň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň mak­sat­la­ry­nyň ara­syn­dan orun al­ma­gy­na alyp gel­di. Ýo­kar­da dil öw­ret­me­gi göz öňün­de tut­ýan mak­sat­la­ryň äh­li­sin­de hem ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim, ter­bi­ýe ber­mek, şeý­le hem her bir öw­ren­ýän zat­la­ry­ny tej­ri­be bi­len ber­kit­mek ýa­ly kä­mil­leş­di­riş okuw­la­ry göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň oka­dy­ly­şy­nyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, or­ta okuw mek­dep­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­be­le­ri iç­gin öw­re­nil­ýär we or­naş­dy­ryl­ýar. Kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar ta­ra­pyn­dan ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­me­giň okuw-usu­ly­ýet bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, da­şa­ry ýurt dil­le­ri bo­ýun­ça elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, wi­deo-au­dio sa­pak ýaz­gy­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Olar­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, dil öw­ret­me­giň iň tä­ze usul­la­ry, tej­ri­be­le­ri peý­da­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len elekt­ron okuw­lar hem bar­ha kä­mil de­re­je­de taý­ýar­la­nyl­ýar, ola­ryň üs­ti yzy­gi­der­li ýe­ti­ri­lip, hal­ka­ra we mil­li tej­ri­be­ler or­naş­dy­ryl­ýar.
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­me­li çä­re­ler me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da ul­gam­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ýar. Dün­ýä­niň dür­li halk­la­ry­nyň dil­le­ri­ne de­giş­li söz­lük­ler taý­ýar­la­nyl­ýar. Ter­ji­me­çi­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri hem giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men halk er­te­ki­le­ri­niň en­çe­me­si ýo­ka­ry okuw mek­de­biniň mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan iň­lis, ne­mes, fran­suz, is­pan, rus, ko­reý, ýa­pon, hy­taý, arap, pars, türk, hin­di dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, ça­pa taý­ýar­la­nyl­dy. Ýe­ri ge­len­de dün­ýä halk­la­ry­nyň türk­men halk er­te­ki­le­ri­ni uly hö­wes bi­len oka­ýan­dyk­la­ry­ny gu­wanç bi­len bel­le­mek ge­rek.
Da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň, mu­gal­lym­çy­lyk ugur­ly or­ta hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň hä­zir­ki­ za­man mu­gal­lym­çy­lyk we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça okuw mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň mak­sat­la­ry­na gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry hyz­mat ed­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­mak­da peý­da­la­nyl­ýan bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny okuw işi­ne gi­ňiş­le­ýin or­naş­dyr­mak we yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ýur­du­myz­da ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek, bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň maz­mu­ny­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, okat­ma­gyň in­no­wa­siýa dil öw­re­diş teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler öz ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dil öw­ren­mek hem-de öw­ret­mek me­se­le­si bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de dün­ýä­de köp ula­nyl­ýan dil­le­ri öw­ren­mek ýo­la go­ýul­dy. Kä­bir sa­pak­la­ryň iň­lis, rus, ne­mes, ýa­pon, hy­taý dil­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ma­gy, öw­re­nil­ýän bi­li­miň hal­ka­ra de­re­je­sin­de bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Çün­ki, ylym-bi­li­mi ös­dür­mek ýur­duň, jem­gy­ýe­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li gel­je­gi­niň bin­ýat­la­ýyn esa­sy ha­sap­lan­ýar.

Döw­ran An­na­ne­pe­sow,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.