Häzirki wagtda dünýäde elektrik ulag pudagyna ägirt uly üns berilýär. Iri kompaniýalar bilen birlikde tehnologiýa kompaniýalary hem bu pudaga gyzyklanma bildirip, birnäçe taslamanyň üstünde iş alyp barýarlar. Elektromobilleriň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini nazara alyp, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýändigi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendir. Dünýäde şäherleşmegiň ösmegi bilen häzirki döwürde gatnaw ulgamy kämilleşdirilýär. Ylym we tehnologiýa has çalt depgin bilen ösýär. Innowasion ösüşiň bu depgini bolsa adamlara ulag serişdeleriniň has ösen görnüşlerinden peýdalanmaga ýol açýar.
Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary atmosfera howasyna goşulýan zyýanly zyňyndylary azaltmagyň usullaryny tapmaga çalyşýarlar. Elektrikli ulaglar üçin bolsa zarýad beriş beketleri döredilip, zerur bolan ýeňillikler berilýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslar we beýleki jemgyýetçilik ulaglary üçin aýratyn ýollaryň döredilmegi hem şahsy awtoulaglaryň sürülişiniň azaldylmagyna getirip, howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ulanyljak döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy. Täze şäherde ýolagçylaryň şeýle ýokary derejeli, ekologiýa taýdan arassa, rahat we oňaýly elektrobus hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin şertler we mümkinçilikler döredilipdir.
Arkadag şäherinde hereket edip başlajak awtoulaglaryň görnüşleri 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» sergisinde halk köpçüligine görkezildi. Olardan biri JAC E-J7 kysymly Hytaýyň ýeňil elektrik ulagydyr. Bu ulag 2019-njy ýyldan bäri öndürilýär we Meksikanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň bazarlarynda satylýar. Awtoulagyň dizaýny «Alfa Romeo», «Lancia» we «Maseratti» modelleriniň dizaýnynyň awtory Daniel Gallonyň ýolbaşçylygynda Italiýanyň dizaýn merkezi JAC-da işlenip düzüldi. Awtoulaga häzirkizaman elektronikasy we enjamlary ornaşdyrylyp, olara köp wezipeli rul, sazlamaga mümkinçilik berýän oturgyç, elektron howa ulgamyny dolandyrmak ýaly aýratynlyklar degişlidir. Öýjükli telefony birikdirmek üçin «Bluetooth» aýratynlygy hem bar.
«Yutong» kysymly elektrobusda hem döwrebap «akylly» tehnikanyň sanly ulgam arkaly üpjün edilmeginiň netijesinde ýolagçylaryň ondan düşenleriniň we münenleriniň, onuň içindäki sanynyň maglumatlary görkezilýär. Elektrobus ýolagçylara niýetlenen sowadyş we ýyladyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelýän Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp baryldy. Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işi ýola goýlar we bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder.
Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini hem berýär. Munuň şeýledigine ýakynda ÝHHG-niň Baş sekretary tarapyndan Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem doly şaýatlyk edýär.
Şirin Begliýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.