Türkmen topragy genji-hazynalara diýseň baý. Beýik Biribar bu mekana ähli baýlyklary, tebigy gözellikleri bolluk bilen eçilipdir. Şol genji-hazynalaryň, şypaly howanyň ynsan ömrüne, saglygyna, keýpiçaglygyna hyzmat etmegi esasy zat.
Soňky ýyllarda türkmen topragynyň iň ajaýyp künjekleriniň biri – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi, ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.
Hazaryň gözel kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. Taryhy nukdaýnazardan gaty gysga wagtyň içinde Awazada kaşaň myhmanhanalar, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyşdynç alyş merkezleri, beýleki dürli binalar guruldy.
Awazany bir gezek gören adamyň bu ýerlere gaýta-gaýta dolanasy geler durar. Sebäbi bu ýeriniň şypaly suwy, janyňa hoştap howasy, ähli amatlyklary bolan myhmanhanalary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, içi attraksionly seýilgähleri özüne çekýär. Hut şonuň üçinem bir gezek göreninden soňra bu ýerde dem-dynç almagy, Hazaryň şypaly mawy suwunda ýüzmegi özlerine adat edinen maşgalalaryň sany ýyl geçdigiçe artýar. Adam eli bilen bina edilen ajaýyplygy görmek, tebigatyň, gözelligiň we ýaşaýşa bolan söýginiň üsti bilen saglygyňy berkitmek indi her bir ynsanyň ýörelgesine öwrüldi. Awaza syýahat etmek, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň arzuwyna öwrüldi.
Bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen ýurdumyzda körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin gurulýan dürli binalar Awazada barha köpelýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şeýle binalar ýaş nesillerimize ajaýyp peşgeşdir. Sebäbi şypaly deňiz suwy, altynsow çägeli kenary, häzirki zaman infrastrukturasyny özünde jemleýän kaşaň binalar halkymyzyň, esasan hem, biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyna, uzak ömürliligine, rahat durmuşyna hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Hazaryň gazylyp alynýan baýlyklarynyň birnäçe görnüşlerini senagat derejesinde peýdalanmagyň üstünde işlenilýär. Bu bolsa deňziň tebigatyna gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda Hazaryň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara çäreler geçirilýär. Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, deňziň iň iri suw möçberi Türkmenistana degişlidir. Munuň hem esasy sebäbi döwletimiziň deňziň baýlyklaryna örän aýawly çemeleşýändigi bilen baglydyr.
Humaý NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we renimatalogiýa kafedrasynyň assistenti.