Halkara Aeroportlar Geňeşiniň metbugat gullugy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guruljak «Dubai World Central» atly howa menziliniň şekil taslamasyny görkezdi. Ägirt uly taslamanyň bahasynyň 33 milliard dollar bolmagyna garaşylýar. Her ýylda 255 million ýolagça hyzmat etjek howa menzili häzirki Al-Maktum aeroportynyň giňeldilmegi bilen emele geler hem-de 2050-nji ýylda dünýäniň iň uly howa menzili bolar. Häzirki wagtda Dubaýyň halkara aeroporty 2 müň 900 gektar ýeri eýeleýär. 2022-nji ýylda bu howa menzilinden 66 milliondan gowrak ýolagçy geçipdir. Täze taslamanyň gurluşygyna 2030-njy ýylda başlanar. Toplumyň çäginde logistika merkezi, lýuks golf meýdançasy, 3 million inedördül metrlik sergi meýdany, täjirçilik-maslahat merkezi, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary we myhmanhana toplumy bolar.
Bägül BÄŞIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
PDF









