Şwesiýanyň IKEA kompaniýasy müşderilerine ussa çagyrmazdan, aňsatlyk bilen gurnap bolýan mebelleri we beýleki öý goşlaryny hödürlemegi bilen tanalýar. Bu ýurtda iş alyp barýan «Luvly» kompaniýasy bolsa, gurnap bolýan elektroulag öndürip başlady. «Luvly O» atly kiçijik ulag müşderä gutynyň içinde gowşurylar. Ulagyň ýylyň ahyrynda angliýaly müşderilere ýetirilip başlanjakdygy mälim edildi. Ulagyň ýene bir aýratynlygy batareýasyny zarýad bermek üçin aňsatlyk bilen söküp alyp, ýanyň bilen öýe ýa-da iş ýerine äkidip bolýandygydyr. Angliýaly müşderilere 8 müň 700 funt sterling bahadan ýetiriljek ulagyň ýokary tizligi sagatda 88,5 kilometre ýetýär. Ulagyň batareýasy 100 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Hakan Lutz ulagyň uly zawodlarda däl-de, has ýönekeý kiçi kärhanalarda ýygnaljakdygyny mälim etdi.
Maýagözel ATABALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji-mugallymy.
PDF









