Islandiýa ilat üçin elektrik energiýasynyň elýeterliligi boýunça Ýewropa ýurtlarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Bu barada “RIA Nowosti” tarapyndan geçirilen barlaglarda aýdylýar.
Barlaglaryň netijelerine görä, ikinji orunda Niderlandlar, üçünji orunda Lihtenşteýn orun aldy. Agentligiň maglumatlaryna görä, sanawy Moldawiýa, Rumyniýa we Çehiýa jemleýär.
Elektrik energiýasynyň elýeterliligine baha bermek üçin Ýewropa yklymynyň ýaşaýjylarynyň ortaça aýlyk haklary bilen satyn alyp biljek kilowatt-sagat sany barada maglumatlar ulanyldy.