UEFA-nyň iň esasy ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşykda Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen Italiýanyň “Inter” topary duşuşdy.

Final duşuşygynda garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňen Angliýanyň “Mançester Siti” topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Şeýlelikde, Angliýanyň “Mançester Siti” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny, Angliýanyň çempionlyk kubogyny hem-de Angliýanyň kubogyny gazanan futbol topary boldy.

Mundan ozal, şeýle görkezijini Angliýada 1999-njy ýylda “Mançester Ýunaýted” topary görkezipdi.