Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy

94

Go­laý­da dür­li elekt­ron en­jam­la­ry­ny we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ön­dür­ýän “Fu­jit­su” kom­pa­ni­ýa­sy “UH-X” we “UH-X Conver­tib­le’ at­ly iki sa­ny tä­ze ýan­komp­ýu­te­ri­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. In­di bol­sa ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy meş­hur “Li­fe­Book U9” se­ri­ýa­sy­na “U94/A” hem-de “U9313X” at­ly iki sa­ny iş nout­bu­gy­ny go­şan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu tä­ze mo­del­ler 13-nji ne­sil mik­rop­ro­ses­sor­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Komp­ýu­ter­le­riň kä­mil mik­rop­ro­ses­sor­la­ry ula­ny­jy­lar üçin köp amat­ly aý­ra­tyn­ly­gy hö­dür­le­ýär.
“Li­fe­Book U94/A” mo­de­li­niň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 898 gram bo­lup, ulu­ly­gy 14 dýuým. Nä­zik we ýu­ka bol­ma­gy bi­len bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýan­komp­ýu­te­riň du­ru­ly­gy 1920×1200 pik­sel. Ek­ra­ny­nyň öl­çe­gi 16:10 bo­lup, “Et­her­net” gi­ri­şi, iki sa­ny USB A gi­ri­şi, bir sa­ny “Thun­der­bolt 4” gi­ri­şi hem-de HDMI 2.0 gi­ri­şi göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Şeý­le hem döw­rüň ta­la­by bo­lan ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lan 5G 2 hem-de Wi-Fi 6E bi­len üp­jün edi­lip­dir. Nout­bu­gyň öň ta­ra­pyn­da giň burç­ly ka­me­ra hem bar.
Beý­le­ki mo­del bo­lan “Li­fe­Book U9313X” ek­ra­ny­nyň öl­çe­gi 16:9 bo­lup, 1920×1080 pik­sel du­ru­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ek­ra­ny 13,3 dýuým­lyk ulu­ly­gyn­da bo­lan ýan­komp­ýu­te­ri hem nout­buk, hem plan­şet hök­mün­de ula­nyp bol­ýar. Ýan­komp­ýu­te­riň ek­ra­ny 360 de­re­je aý­lan­ýar. Ýan­komp­ýu­ter iki sa­ny USB A gi­ri­şi, iki sa­ny “Thun­der­bolt 4” gi­ri­şi we “Et­her­net” gi­ri­şi bi­len üp­jün edi­lip­dir.
“Li­fe­Book U94/A” 2 müň 290 dol­lar­dan, “Li­fe­Book U9313X” 2 müň 300 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.

Sülgün GUWANÇGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniweristetiniň talyby.