Ko­lum­bi­ýa­ly dört ça­ga ge­çen aý uçar he­läk­çi­li­gin­den soň Ama­zon jeň­ňe­lin­de 40 gü­nü­ni ge­çir­di. Olar 1-nji maý­da bo­lan uçar he­läk­çi­li­gin­den aman ga­lan­lar­dy. Ola­ryň eje­si, uçar­man we ýer­li ila­tyň ket­hu­da­sy ara­dan çyk­dy.
1 ýaş­dan 13 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­lar 9-njy iýun­da ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky Gu­aw­ýa­re de­par­ta­men­ti­niň ha­las edi­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan ta­py­lan­dan soň Bo­go­ta­da­ky has­sa­ha­na­la­ryň bi­ri­ne äki­dil­di. Olar San-Ho­se-del-Gu­aw­ýa­re şä­he­rin­de ka­ka­sy we ata­sy bi­len du­şu­şan­la­ryn­dan soň has­sa­ha­na ýer­leş­di­ril­di.
Ko­lum­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Gus­ta­wo Pet­ro žur­na­list­le­re “Ça­ga­la­ry jeň­ňel­de nä­dip ýa­şa­ma­ly­dy­gy ba­ra­da öw­re­nen zat­la­ry ha­las et­di” – diý­di. Gus­ta­wo Pet­ro ha­las edi­ji­le­riň we Mu­rui ýer­li hal­ky­nyň ça­ga­la­ry tap­mak üçin bi­ti­ren iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di we ola­ryň göz­leg iş­le­ri­ne ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­man­dyk­la­ry­ny bel­le­di.