Gyrgyzystan ýakyn geljekde milli puluň banknotlaryny ýurduň içinde çap edip başlar. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar we zerur enjamlar satyn alyndy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabarada aýtdy.
Japarow 1993-nji ýylyň maý aýynyň Gyrgyz Respublikasynyň taryhynda möhüm döwürleriň biri bolandygyny belledi. – Şol döwürde Gyrgyzystanyň Konstitusiýasy kabul edildi we birnäçe wagtdan soň milli pul dolanyşyga girizildi – diýip döwlet Baştutany belledi.
Onuň sözlerine görä, milli puluň dolanyşyga girizilmegi has möhüm ykdysady özgertmeler üçin mümkinçilikler açdy. -Gyrgyzystan öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup milli puly dolanyşyga girizdi. Bu, garaşsyz ösüş ýolumyzy kesgitläp, garaşsyz pul syýasaty üçin şertler döretdi – diýip ol belledi.
Gyrgyzystanyň lideri soňky 30 ýylda somyň gyrgyz döwletiniň durnuklylygynyň nyşanyna we ýurduň garaşsyz ykdysady syýasatynyň esasy elementine öwrülendigini aýtdy.