Seýil edeliň bu jahana – Singapuryň täsinlikleri

233

Sin­ga­pur hak­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­la­ra III asy­ra de­giş­li Hy­taý ýaz­gy­la­ryn­da duş ge­lin­ýär. Sin­ga­pur sö­zi ma­laý di­li­niň “sin­ga” – “ýol­bars” we sansk­rit di­li­niň “pu­ra” – “şä­her” söz­le­rin­den eme­le ge­lip “Ýol­bar­syň şä­he­ri” diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu tä­sin­lik­le­re baý döw­let 63 sa­ny ada­da ýer­leş­ýän şä­her-döw­le­ti­dir. Ola­ryň iň ulu­la­ry Sin­ga­pur, Ubin, Te­kong-Be­sar, Bra­ni, Sen­to­sa we Su­dong. Sin­ga­pur Ma­laý­zi­ýa­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän Jo­hor sol­tan­ly­gy bi­len hem-de In­do­ne­zi­ýa­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän, bir­nä­çe ada­dan eme­le ge­len Riau we­la­ýa­ty bi­len ser­het­leş­ýär. Eýe­le­ýän umu­my meý­da­ny 724,2 km kwad­rat bo­lup, dün­ýä­de 171-nji orun­da dur­ýan Sin­ga­pur döw­le­ti 1948-nji ýyl­dan baş­lap, To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýar. 2008-nji ýyl­dan bä­ri ýurt­da “For­mu­la-1 Gran-Pri” ýa­ry­şy­nyň gi­je­ki tap­gy­ry ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa “For­mu­la-1” ýa­ry­şy­nyň ta­ry­hyn­da gi­je­ki ge­çen il­kin­ji tap­gyr­dyr. 2010-njy ýyl­da Sin­ga­pur­da ýaş­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da il­kin­ji Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. 2014-nji ýyl­da ýurt­da 55 müň orun­lyk, se­bit­de iň uly sta­di­on gu­rul­dy.
Se­ýil­gäh­le­ri we att­rak­si­on­la­ry
Şä­her­de 200 metr be­ýik­lik­de ýer­leş­ýän ägirt uly dynç alyş top­lu­my bar. Top­lum­da en­çe­me how­dan, se­ýil­gäh bar. 110 metr be­ýik­lik­de ýer­leş­ýän ägirt uly diň köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Onuň üs­tü­ne çy­kyp, Sin­ga­pur we Sen­to­za ada­la­ry­nyň haý­ran gal­dy­ry­jy gör­kü­ni syn­lap bol­ýar. Sin­ga­pur bi­len Sen­to­za ada­sy­ny bir­leş­dir­ýän as­ma ýo­ly bu ýe­re ge­len myh­man­la­ra ýur­duň te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­lik­le­ri­ni gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 55 gat­ly ja­ýyň bo­ýu­na ba­ra­bar syn ediş çar­hy­nyň üs­tün­den di­ňe bir Sin­ga­pu­ryň däl, eý­sem goň­şy ada­la­ryň gö­zel ýer­le­ri­ni hem gör­mek bol­ýar. Bu aja­ýyp döw­let­de bir­nä­çe ak­wa­park­lar hem bo­lup, bu ýer­de ça­ga­lar dür­li hi­li suw­da oý­nal­ýan oýun­la­ry oý­nap, ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry baş­dan ge­çi­rip bil­ýär­ler. Ýur­duň 101 gek­tar ýe­ri­ni eýe­le­ýän Bo­ta­ni­ka ba­gy aý­ra­tyn bel­läp ge­çil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bo­ta­ni­ka ba­gy­ny dö­ret­mek üçin yg­lan edi­len bäs­le­şi­ge dün­ýä­niň 24 ýur­dun­dan öň­de­ba­ry­jy gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 170-den gow­ra­gy gat­na­şyp, ola­ryň iki­si saý­la­nyp alyn­dy. Ne­ti­je­de, ägirt uly fu­tu­ris­tik bo­ta­ni­ka ba­gy gu­rul­dy. Bu ýer­de 220 müň ösüm­lik bar. Şeý­le-de, bo­ta­ni­ka ba­gyn­da be­ýik­li­gi 25 metr­den 50 met­re çen­li ýet­ýän agaç­lar­dan top­lum dö­re­di­lip­dir we agaç­la­ryň ara­syn­da uzyn­ly­gy 125 met­re ýet­ýän köp­ri gur­lup­dyr. Is­leg bil­dir­ýän­ler bu köp­rü­de ba­gyň aras­sa how­syn­dan dem alyp, ge­ze­lenç edip bi­ler­ler. Şeý­le hem ýur­duň su­was­ty okea­na­riu­my di­ňe bir Azi­ýa­da däl, eý­sem dün­ýä­dä­ki iň ulu­sy­dyr. Bu ýer­de suw jan­dar­la­ry­nyň 2,5 mü­ňe go­la­ýy ýa­şa­ýar.
Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy tä­sin­lik­le­re we aja­ýyp­lyk­la­ra örän baý döw­let bol­mak bi­len, ýur­duň mil­li ny­şa­ny Mer­li­on­dyr. Bu mi­fi­ki jan­dar ýol­bars kel­le­li, be­de­ni bol­sa, ba­lyk gör­nü­şin­de­dir. Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da bu hy­ýa­ly jan­da­ryň şa­ny­na baý­ram­çy­lyk ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýur­duň bel­li des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Çan­gi hal­ka­ra ho­wa men­zi­li Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da iň uly ho­wa men­zi­li­dir. Bu ho­wa men­zi­lin­de ýyl­da 36 mil­li­on­dan gow­rak adam­la­ra hyz­mat ed­ýär. Sin­ga­pur Lon­don­dan, Nýu-Ýork­dan we Gon­kong­dan soň dün­ýä­niň iň uly ma­li­ýe mer­ke­zi ha­sap­la­nyl­ýar. “Rys­gal” suw çüw­dü­ri­mi dün­ýä­de iň uly we iň owa­dan suw çüw­dü­ri­mi hök­mün­de (28 metr) Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu tä­sin­lik­ler do­ly aja­ýyp döw­let dün­ýä­niň iň ki­çi döw­let­le­ri­niň 20-li­gi­ne gir­mek bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň we ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan Mer­jen SE­ÝIT­NA­ZA­RO­WA, Ho­jam­baz et­ra­by­nyň 5-nji or­ta mek­de­bi­niň çy­zuw mu­gal­ly­my.