«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikge welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirişlerde saýlanan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy çykyş etdiler.
Ýaş aýdymçylar sungat bäsleşigine taýýarlykly gelipdirler. Olar köp sanly tomaşaçylaryň we talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Ýaş zehinleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, dost-doganlygy, söýgini, sagdyn durmuş ýörelgesini, tebigatyň gözelliklerini wasp eden joşgunly estrada we halk aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Uly Balkan dagyny alkymlap oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde ýaňlanan şirin owazly aýdymlar bu ýere ýygnanan adamlarda joşgun döretdi.
Juda täsirli hem şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp boldy.
Bäsleşikde Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň medeniýet öýüniň işgäri Bagdagül Mämmetgurbanowa, Hazar şäherçesiniň medeniýet merkeziniň «Döwürdeş» halk teatrynyň režissýory Umytmyrat Gylyçmyradow ýeňiji bolup, olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu barada “Türkmenistan”gazeti habar berýär.