Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ko­ro­ly Karl III il­kin­ji ge­zek dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li at üs­tün­de da­ba­ra­ly ýö­riş ge­çir­di. Ol 30 ýyl­dan gow­rak wagt­dan soň bu da­ba­ra at­ly gat­na­şan il­kin­ji mo­narh bol­dy. Soň­ky ge­zek Şa ze­nan Ýe­li­za­we­ta II 1986-njy ýyl­da şeý­le ýö­ri­şe at­ly gat­na­şyp­dy.
Har­by ýö­ri­şe 1500-den gow­rak har­by gul­luk­çy gat­naş­dy. Ýö­ri­şiň ahy­ryn­da bri­tan go­şu­ny­nyň we Ko­rol­ly­gyň har­by ho­wa güýç­le­ri­niň 70 uça­ry Lon­do­nyň üs­tün­den uçup geç­di. Şol bir wag­tyň özün­de 18 sa­ny uçar as­man­da şa mo­nog­ram­ma­sy gör­nü­şin­de ha­ta­ra dü­zül­di.
Myh­man­la­ryň ara­syn­da Pa­ty­şa maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ryn­dan baş­ga-da, bri­tan Prem­ýer-mi­nist­ri Ri­şi Su­nak, şa­za­da Ed­war­dyň aýa­ly, Edin­burg ger­so­gy So­fi we ýo­ka­ry de­re­je­li har­by iş­gär­ler bar.
Bri­tan mo­narh­la­ry, adat­ça, dog­lan gü­nü­ni iki ge­zek bel­le­ýär­ler. Res­mi dog­lan gün­ler to­mus­da iýun aýy­nyň bi­rin­ji, ikin­ji ýa-da üçün­ji şen­be­sin­de bel­le­nil­ýär. Iň­lis hö­küm­dar­la­ry­nyň dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li har­by ýö­riş­ler 260 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri her ýyl ge­çi­ril­ýär. Ha­ky­kat­da, Karl III 14-nji no­ýabr­da dog­lan gü­nü­ni bel­le­di di­ýip, “The In­de­pen­dent” ýaz­ýar.