Bütindünýä ýel güni

140

Ýer ýü­zü­niň äh­li kün­jek­le­rin­de teh­no­lo­gi­ýa uly ösü­şe eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösü­şi­ni ener­gi­ýa­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ma­ýar. Şo­nuň üçin ener­gi­ýa teh­no­lo­gik ösü­şiň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ne­bit we te­bi­gy gaz ener­gi­ýa­nyň esa­sy çeş­me­si bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýö­ne, onuň ga­lyn­dy­la­ry daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­ýär. Eko­lo­gi­ýa­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin alym­lar bu me­se­lä­niň üs­tün­de köp iş­le­di­ler we Gün şöh­le­sin­den, suw­dan, ýel­den ener­gi­ýa­ny al­ma­gyň usul­la­ry­ny iş­läp düz­dü­ler. On­da, te­bi­ga­ty­my­zyň bu baý­lyk­la­ry ener­gi­ýa­nyň esa­sy çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ener­gi­ýa­nyň esa­sy çeş­me­si ha­sap­lan­ýan ýel baý­ram­çy­ly­gy bü­tin­dün­ýä­de her ýy­lyň 15-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýär. Bu baý­ram­çy­ly­gy bel­le­mek ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­lar Ýew­ro­pa ýel ener­ge­ti­ka as­so­sa­si­ýa­sy­nyň we Bü­tin­dün­ýä ýel ener­gi­ýa bir­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­di we bu baý­ram­çy­lyk il­kin­ji ge­zek 2007-nji ýy­lyň 15-nji iýu­nyn­da Ýew­ro­pa­da bel­le­nip baş­lan­dy. 2009-njy ýyl­da bol­sa Ýer ýü­zü­niň 30-dan gow­rak ýur­dun­da bu baý­ram­çy­lyk uly da­ba­ra bi­len bel­le­ni­lip baş­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa bu baý­ram­çy­ly­gy bel­le­ýän ýurt­la­ryň sa­ny ýyl sa­ýyn art­ýar.
Ýel ener­gi­ýa­sy­nyň ösü­şi di­ňe bir ener­gi­ýa me­se­le­si­ni çöz­mä­ne däl, eý­sem yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ki me­se­le­le­ri çöz­mä­ne hem kö­mek ed­ýär. Bi­rin­ji­den ýel­den ener­gi­ýa al­mak­da az çyk­da­jy çyk­ýar. Ikin­ji­den ýel­den ener­gi­ýa al­mak amat­ly bol­ýar.
Ýer ýü­zün­de il­kin­ji ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy 1890-njy ýyl­da Da­ni­ýa­da gu­rul­dy. Bu elekt­rik stan­si­ýa ýur­duň peý­da­lan­ýan ener­gi­ýa­sy­nyň 47%-ni ön­dür­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da 80-den gow­rak döw­let­de ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy gur­lup, müň­ler­çe adam onuň ön­dür­ýän ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýar­lar.
Ýel­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Is­pa­ni­ýa, Hy­taý we Da­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär.
Bü­tin­dün­ýä ýel gü­ni ýur­duň dür­li kün­jek­le­rin­de dür­li hi­li bel­le­nil­ýär. Köp ýurt­da bu baý­ram­çy­lyk­da ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar, stan­si­ýa­nyň ta­ry­hy we ener­gi­ýa­nyň ön­dü­ri­li­şi ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar ge­ze­len­je ba­ran adam­la­ra gür­rüň be­ril­ýär. Bu mag­lu­mat­lar adam­lar­da eko­lo­gi­ýa so­wat­ly­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bu bol­sa, Ýer ýü­zü­niň eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Ene­baý AN­NA­LY­ÝE­WA, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.