Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak, ýur­du­myz­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri dün­ýä ýaý­mak, da­şa­ry ýurt­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di.
Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de 2025-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek “EKS­PO — 2025” Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp, ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip gur­mak hem-de beý­le­ki de­giş­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da “Bel­li” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.