Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy çip ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “In­tel” Pol­şa­da tä­ze önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gu­rar. Mu­nuň üçin 4,6 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň nou-hou we önüm­çi­li­gi üçin 80 mil­liard ýew­ro­lyk ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de Wrocaw şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýa­rym­ge­çi­ji ýyg­naý­jy we sy­nag des­ga­sy­nyň gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Tä­ze za­wo­dyň 2027-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­me­gi we 2 müň iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän za­wo­dy üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry ar­ka­ly müň­ler­çe ada­my iş bi­len üp­jün et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­da gel­jek on ýy­lyň do­wa­myn­da Ýew­ro­pa­da 80 mil­liard ýew­ro­lyk ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rip bil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň Ir­lan­di­ýa­da we Fran­si­ýa­da önüm­çi­lik des­ga­la­ry he­re­ket ed­ýär. Şeý­le hem “In­tel”-iň Ger­ma­ni­ýa­da­ky za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Bu za­wod iş gi­ri­zi­len­den soň­ra 3 müň iş or­ny eme­le ge­ler.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 2030-njy ýy­la çen­li çip önüm­çi­li­gi­ni iki es­se art­dy­ryp, glo­bal önüm­çi­li­giň 20 gö­te­ri­mi­ni öz çä­gin­de ön­dür­mek is­le­ýär. Mu­nuň üçin hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ra 40 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak gol­daw ber­ler.